Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 169-sy hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny we nebit koksuny satyn aldylar. BAE-den gelen işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamide isleg bildirdiler. Şeýle hem Russiýadan, BAE-den, Özbegistandan we Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna nah ýüplük, portlandsement satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 74 million 842 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine Russiýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň we BAE-niň işewürleri 6 million 16 müň manatlykdan gowrak boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, saryja goýnunyň ýüňüni, çig ýagly we arassalanylmadyk kislotalary satyn aldylar. 

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri jemi bahasy 15 million 680 müň manatlykdan gowrak polipropileni satyn aldylar.