Türkmenistanyň we Hytaýyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

31-nji awgustda HHR-yň Sinszýan-Uýgur Awtonom raýonynyň dolandyryş merkezi bolan Urumçi şäherinde “Türkmenistan – Hytaý: Beýik Ýüpek ýolunda syýahatçylyk” atly forum geçirildi. 

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň, ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, SUAR-yň syýahatçylygy ösdürmek baradaky döwlet komitetiniň we EKSPO-nyň Sekretariatynyň bilelikde gurnan forumynyň maksady bu ulgamda özara peýdaly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýurdumyzyň we HHR-yň Sinszýan-Uýgur Awtonom raýonynyň ugurdaş kompaniýalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmekden ybaratdy. 

Oňa federal we şäher administrasiýalarynyň, ylmy-barlag guramalarynyň, esasy syýahatçylyk agentlikleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy çäräniň abraýynyň uludygyna şaýatlyk edýär. 

Türkmenistanyň wekilýetiniň SUAR-yň halk hökümetiniň wise-gubernatory Erkin Tuniýaz bilen duşuşygy syýahatçylyk forumynyň başy baldy, oňa SUAR-yň syýahatçylygy ösdürmek baradaky döwlet komiteti we “Hytaý – Ýewraziýa” EKSPO-nyň Sekretariatynyň, Daşary gatnaşyklar diwanhanasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Forumyň açylyşynda çykyş eden SUAR-yň halk hökümetiniň gubernatorynyň orunbasary Erkin Tuniýaz myhmanlary SUAR-yň hökümetiniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlar bilen syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, bu sebitde içerki syýahatçylygy ösdürmek we daşary ýurtlardan bu ýere syýahatçylaryň gelmegini höweslendirmek boýunça maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. 

“Türkmenistan üýtgeşik özboluşly ýurt, onuiň diňe bir syýahatçylyk ulgamynda däl, eýsem söwda-ykdysady babatda-da uly mümkinçilikleri bar. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işleri uludyr, biz hem türkmen-hytaý syýahatçylygyny işjeňleşdirmäge gyzyklanýarys” – diýip Erkin Tuniýaz belledi. 

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Çynar Rüstemowa öz çykyşynda ýurdumyzyň gazananlaryna, söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerine, innowasion ösüşiň strategiýasynyň esasy ugurlaryna ünsi çekdi, şeýle hem medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynyň ösüşi barada gürrüň berdi. 

Hytaý tarapyndan SUAR-yň syýahatçylygy ösdürmek baradaky komitetiniň partiýa komitetiniň sekretary Hou Hanmin, “Hytaý – Ýewraziýa” EKSPO-nyň Sekretariatynyň wise-prezidenti Fan Sýaodun, SUAR-yň Syýahatçylyk agentlikleri assosiasiýasynyň başlygy U Fen we SUAR-yň Gidler asssosiasiýasynyň başlygy Çžao Sýuýhun dagy çykyş edip, ildeşlerini türkmen tebigatynyň gaýtalanmaz gözelligini öz gözi bilen görmäge, taryhy mirasyň ruhuny duýmaga, türkmenleriň özboluşly däpleri we myhmançylygy, ak mermere bürenen Aşgabadyň owadan binalary bilen tanyşmagyny höweslendirmek üçin olaryň arasynda Türkmenistan barada maglumatlary giňden wagyz etmäge taýýardyklaryny aýtdylar. 

Olaryň türkmen kärdeşleri daşary ýurtly myhmanlary kabul etmegi guramagyň tejribesi barada gürrüň berdiler. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteiniň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Abdyrahman Mämmetnyýazow foruma gatnaşanlary ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. “Ahalsyýahat” syýahatçylyk agentliginiň direktory Gurban Gurbanow hytaýly syýahatçylary ak mermere bürenen Aşgabatda gyzyklandyrjak zatlar barada gürrüň berdi. “Aýan” syýahatçylyk kompaniýasynyň menejeri Musa Babajanow Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň gadymy şäherleriniň taryhyny jikme-jik beýan etdi. 

Forumyň çäklerinde taraplar hyzmatdaşlygyň geljegini, şol sanda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemek üçin wekilýetleri alyşmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary hyatýly syýahatçylary kabul etmegiň we olara hyzmat etmegiň özboluşlylygyny öwrenmäge isleg bildirdiler. 

Forum tamamlanandan soň türkmen wekilýetini HHR-yň Sinszýan-Uýgur Awtonom raýonynyň halk hökümetiniň gubernatory Şöhrat Zakir kabul etdi. Duşuşygyň barşynda türkmen-hytaý maýa goýum hyzmatdaşlygynyň we söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda özara hereketiniň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.