Türk­me­nis­tan üs­ta­şyr ho­wa gat­naw­la­ry ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy ber­kid­ýär

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­r bi­len ho­wa gat­naw­la­ry ba­bat­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek bo­ýun­ça “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň öňün­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni ama­la aşyr­mak bi­len, Türk­me­nis­tan üs­ta­şyr gat­naw­la­ry­nyň des­sin­li­gi­ni we yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk­lyk­da do­ly üp­jün ed­ýär. Hä­zir di­ňe paý­tag­ty­my­zyň ho­wa men­zi­li däl-de, eý­sem, ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da­ky ho­wa men­zil­le­ri hem is­len­dik gör­nüş­dä­ki we dür­li ýük gö­te­ri­ji­li­gi bo­lan uçar­la­ry ka­bul et­mä­ge ukyp­ly­dyr. 

1-nji sent­ýabr­da ýan­gyç guý­mak mak­sa­dy bi­len, Ma­ry şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne An-225 “Mri­ýa” (“An­to­now” awiau­lag kär­ha­na­sy, Uk­rai­na) uça­ry ge­lip gon­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, O.K.An­to­now adyn­da­ky uçar kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan bu ho­wa gä­mi­si dün­ýä­de iň uly we ýük gö­te­ri­ji­li­gi köp bo­lan uça­r­dyr. Onuň ha­sa­byn­da dün­ýä re­kord­la­ry­nyň bir­nä­çe­si, şol san­da ýük gö­te­ri­ji­li­gi 253,8 ton­na bo­lan ýo­ka­ry ne­ti­je hem bar­dyr. 

Şeý­le­lik­de, hä­zir­ki dö­wür­de Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­my­nyň iri ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi hök­mün­dä­ki or­nu­ny ynam­ly pug­ta­lan­dyr­ýar. Bu ýur­du­my­zyň aý­ra­tyn amat­ly geog­ra­fik ýer­le­şi­şi hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li ýö­red­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty bi­len şert­len­di­ri­len­dir. 

Ulag ul­ga­my­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek şol öň­den­gö­rü­ji­lik­li stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir, bu ba­bat­da Gün­do­ga­ry hem-de Gün­ba­ta­ry, Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny bag­la­nyş­dyr­ýan ýol­la­ryň çat­ry­gyn­da, ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len, tä­ze ta­ry­hy şert­ler­de gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gin­de ýer­le­şen Türk­me­nis­tan örän uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir. Köpugur­ly mul­ti­mo­dal üs­ta­şyr-ulag dü­zü­mi­ni ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça mil­li Li­de­ri­mi­ziň anyk baş­lan­gyç­la­ry şol müm­kin­çi­lik­le­ri ama­la aşyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Bu bol­sa se­bit­de we dün­ýä­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek üçin uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. 

Hä­zir ulag ul­ga­my dur­nuk­ly ösü­şiň kes­git­leý­ji ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da bo­lup, dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­na we de­ňag­ram­ly­ly­gy­na gös-gö­ni tä­sir ed­ýär hem-de oňa tä­ze maz­mun we kuw­wat­ly dö­re­di­ji­lik iter­gi­si­ni ber­jek äh­lu­mu­my geoyk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm şer­ti­ne öw­rül­ýär. Şo­nuň üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­ň gol­da­wy­na eýe bo­lan ne­ti­je­li tek­lip­le­ri­niň mö­hüm­di­gi we ze­rur­dy­gy aý­dyň­dyr. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ka­bul eden de­giş­li Ka­rar­na­ma­la­ry-da şa­ýat­lyk ed­ýär. 

Umu­my ýag­daý­lar­dan ugur al­mak bi­len, ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak, üs­ta­şyr-ulag gat­naw­la­ry ba­bat­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­ler gö­rül­ýär. Şun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mil­li ulag ul­ga­my­nyň dün­ýä­niň ulag ul­ga­my­na yzy­gi­der­li go­şu­lyş­ma­gy­ny, «Gün­do­gar — Gün­ba­tar» hem-de «De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta» ugur­la­ry bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň dü­zü­mi­niň has-da gi­ňel­dil­me­gi­ni ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­ýär. 

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan XXI asy­ryň äh­lu­mu­my ulag stra­te­gi­ýa­sy­nyň döw­let­le­riň we se­bit­le­riň ösü­şi­niň, geog­ra­fi­k hem-de dü­züm, teh­ni­ki we teh­no­lo­gi­ýa müm­kin­çi­lik­le­ri­ni bir­leş­dir­me­giň stra­te­gi­ýa­sy­dy­gy­na ynam bil­dir­ýär. Iri hal­ka­ra we se­bit de­ňiz, der­ýa, aw­to­mo­bil, de­mir ýol hem-de ho­wa mer­kez­le­ri­ne çyk­mak bi­len, şo­la­ryň amat­ly ut­gaş­dy­ryl­ma­gy we her bi­ri­niň ar­tyk­maç­lyk­la­ry­nyň peý­da­la­nyl­ma­gy ulag gat­naw­la­ry­nyň bir­le­şen ul­ga­my­nyň gel­je­gi bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz bu me­se­le­le­re çe­me­leş­me­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek bi­len, eýe bo­lan se­riş­de­le­ri­ni umu­my bäh­bit­le­riň ha­ty­ra­sy­na do­ly ulan­ma­ga ça­lyş­ýar. 

Bu ugur­da top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ry we me­ýil­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek­de soň­ky ýyl­lar­da öz ösü­şin­de tä­ze iter­gä eýe bo­lan ýur­du­my­zyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­na mö­hüm orun be­ril­ýär. 2016-njy ýy­lyň sent­ýab­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Aş­ga­ba­dyň tä­ze Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Mer­ke­zi Azi­ýa­da iri hem-de teh­no­lo­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi bo­ýun­ça dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy bu döw­re­bap top­lum 1200 gek­ta­ra go­laý meý­da­ny eýe­le­ýär hem-de des­ga­la­ryň 100-den gow­ra­gy­ny, şol san­da esa­sy des­ga­la­ryň 48-si­ni öz içi­ne al­ýar. Onuň esa­sy we ikin­ji ýo­lag­çy ter­mi­nal­la­ry ýo­lag­çy­la­ryň ýyl­da 17 mil­lion­dan gow­ra­gy­na ýa-da sa­gat­da 2 mü­ňe go­la­ýy­na hyz­mat et­mä­ge ukyp­ly­dyr. Ýük ter­mi­na­ly ýük­le­riň 200 müň ton­na­sy­ny ka­bul et­mä­ge we ug­rat­ma­ga ukyp­ly­dyr. 

Pu­da­gyň dü­zü­mi­ne Türk­men­ba­şy, Ma­ry we Türk­me­na­bat şä­her­le­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zil­le­ri, Da­şo­guz şä­he­ri­niň ho­wa men­zi­li hem gir­ýär, olar Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li bi­len bir ha­tar­da, mil­li ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­nyň aý­ryl­maz hal­ka­la­ry bo­lup dur­ýar. 

Umu­man, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň ho­wa men­zi­li­niň uçuş-go­nuş zo­la­gy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy hem-de ra­dio­na­wi­ga­si­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edil­me­gi ne­ti­je­sin­de, öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da art­dyr­dy. Mu­nuň özi oňa ýük gö­te­ri­ji­li­gi dün­ýä­de iň uly, as­ma­na ga­lan iň agyr An-225 “Mri­ýa” hem-de An-124 “Rus­lan” ýa­ly uçar­la­ry ka­bul et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şu ýy­lyň few­ra­lyn­da ulan­ma­ga ber­len Türk­me­na­ba­dyň tä­ze ho­wa men­zi­li hem hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na do­ly ky­bap gel­ýär. 

Türk­me­nis­ta­nyň ho­wa men­zil­le­ri geog­ra­fik we yk­dy­sa­dy nuk­daý­na­zar­lar­dan üs­ta­şyr ho­wa gat­naw­la­ry üçin, şeý­le hem teh­ni­ki go­nuş­lar hem-de uçar­la­ra de­giş­li hyz­mat­la­ry ama­la aşyr­mak üçin örän amat­ly ýag­da­ýa eýe­dir. Mu­nuň özi ýurt­la­ry we yk­lym­la­ry bir­leş­dir­ýän ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry­nyň hal­ka­ra ul­ga­my­nyň mö­hüm hal­ka­la­ry hök­mün­de ola­ryň äh­mi­ýe­ti­ni art­dyr­ýar. 

Ulag ul­ga­myn­da äh­lu­mu­my we­zi­pe­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek ug­run­da çy­kyş et­mek bi­len, Türk­me­nis­tan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ul­ga­myň dür­li pu­dak­la­ryn­da ba­şy­ny baş­lan giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ry­ny da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ry bi­len bi­le­lik­de üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýar. Şu ýer­de Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň gu­rul­ma­gy­ny we ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi­ni, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Tä­ji­gis­tan po­lat ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­ny aý­dyň my­sal­lar hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. 

“Or­ta Azi­ýa — Ýa­kyn Gün­do­gar” (Öz­be­gis­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran — Oman), Ow­ga­nys­tan — Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Gru­zi­ýa — Tür­ki­ýe (“La­zu­rit”) hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­me­giň tas­la­ma­la­ry ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. 

Ýur­du­my­zyň ulag sy­ýa­sa­ty yzy­gi­der­li we uzak ­möh­let­le­ýin hä­si­ýe­te eýe bo­lup, bar bo­lan aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­ny hem-de ýo­ka­ry tiz­lik­li, tä­ze, döw­re­bap ýol­la­ryň gu­rul­ma­gy­ny, de­giş­li in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki des­ga­la­ryň — de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri­niň, es­ta­ka­da­ly aý­ryt­la­ryň hem-de beý­le­ki­le­riň gu­rul­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýar. 

Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my ulag gat­na­şyk­la­ryn­da iş­jeň or­ny eýe­le­mek bi­len, ony çuň­laş­dyr­ma­ga, tä­ze anyk me­ýil­na­ma­lar we tas­la­ma­lar bi­len baý­laş­dyr­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny gör­ke­zip, BMG hem-de onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri, beý­le­ki hal­ka­ra ab­raý­ly gu­ra­ma­la­r bi­len has-da ys­ny­şyk­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ze­rur­dy­gyn­dan ugur al­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­leş­me­si­niň (HA­UB), Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy to­pa­ry­nyň hem-de ES­KA­TO-nyň tej­ri­be­si esa­syn­da Tür­ki­ýä çyk­ýan Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Mo­dal ýo­ly dö­ret­mek müm­kin­çi­li­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi öňe sür­di. 

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň de­ňiz flo­tu­ny ös­dür­mä­ge hem aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Şun­da şu ýy­lyň ma­ýyn­da Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi şan­ly wa­ka bol­dy. Onuň öň­de­ba­ry­jy dü­zü­mi oňat tek­lip­ler hem-de ýo­ka­ry de­re­je­li hyz­mat­lar ar­ka­ly port hyz­mat­la­ry­na art­ýan is­le­gi ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. 

Hä­zir­ki döw­rüň teh­ni­ka­la­ry bi­len üp­jün edi­len top­lum Ga­ra de­ňiz ýa­ka­sy­na, Ýew­ro­pa, Ýa­kyn Gün­do­gar, Gü­nor­ta Azi­ýa hem-de Azi­ýa — Ýu­waş um­many se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­na çyk­mak üçin amat­ly şert­le­ri dö­red­ýän de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň döw­re­bap ul­ga­my­ny dö­ret­me­giň mö­hüm hal­ka­sy bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de ulag gat­naw­la­ry­na, se­bi­ta­ra we yk­ly­ma­ra gat­na­şyk­la­ra tä­ze müm­kin­çi­lik açyl­ýar. 

Tä­ze por­tuň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ula­nyl­ma­gy yk­dy­sa­dy­ýet­de, söw­da­da, ma­ýa go­ýu­myn­da köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­ne ýar­dam eder. As­ly­ýe­tin­de, onuň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň gün­ba­ta­ryn­da, Ha­zar se­bi­tin­de se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ gi­ňelt­mek, Ha­za­ra­ra gat­naw­la­ry­nyň hi­li­ni we möç­be­ri­ni art­dyr­mak üçin iri baş­lan­gyç no­ka­dy dö­re­dil­ýär, ulag gat­naw­la­ry­nyň tä­ze keş­bi ke­ma­la gel­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­ýär. 

Ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam et­mek bi­len, onuň eko­lo­gi­ýa, dur­muş we yn­san­per­wer öl­çeg­le­ri ýa­ly dü­züm­le­ri ba­ra­da aýt­man geç­mek bol­maz. Bi­rin­ji ugur ba­ra­da aý­dy­lan­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, umu­my we­zi­pe — yk­dy­sa­dy bäh­bit­le­ri, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ň ýag­da­ýy­ny eko­lo­gi­ýa de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­gyň ze­rur­ly­gy bi­len bir­leş­dir­mek­den yba­rat­dyr. 

Ikin­ji ugur ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, on­da ýük do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­niň art­ma­gy, ma­ýa go­ýum­la­ry hem-de beý­le­ki ar­tyk­maç­lyk­lar bi­len bir ha­tar­da, bu ugur­da hyz­mat­daş­lyk hem-de tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ni, dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gu­rul­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. 

Üçün­ji­den bol­sa, tä­ze, has amat­ly ýol­la­ryň peý­da bol­ma­gy adam­la­ryň yk­jam­ly­­gy­ny art­dyr­mak, beý­le­ki ýurt­la­ra ba­ryp gör­mek is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin goş­ma­ça müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Bu bol­sa, öz no­ba­tyn­da, tä­ze sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň açyl­ma­gy­na, dün­ýä halk­la­ry­nyň öza­ra ýa­kyn­laş­ma­gy­na we dü­şü­niş­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. 

Şeý­le­lik­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň çö­zül­me­gi­ni ugur edin­ýän dur­nuk­ly ulag ul­ga­myn­da ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan iş­le­ri, umu­man ala­nyň­da, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­n hal­ka­ra stra­te­gi­ýa­sy­na saz­la­şyk­ly go­şul­ýar. Ýur­du­myz se­bit we dün­ýä ösü­şi­ne ze­rur bo­lan dur­nuk­ly­ly­gy hem-de ýo­ka­ry, hil taý­dan tä­ze dep­gi­ni ber­mä­ge ukyp­ly üs­ta­şyr-ulag we lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni dö­ret­mä­ge uly go­şant goş­ýar.