«Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar! 
Eziz watandaşlar!
 

Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösdürilmegi netijesinde, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde energetika senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin hem zerur şertler döredildi. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda geljekde Garaşsyz Watanymyzda elektrik energiýasynyň öndürilişi düýpli artdyrylar. Ýakyn wagtlarda obalarda, şäherçelerde we etrap merkezlerinde energiýa paýlaýjy ulgamlaryň, transformator beketleriniň durky düýpli täzelener. 

Biz häzirki döwürde energetika pudagyny durnukly ösdürmek bilen, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksportyny yzygiderli giňeldýäris. Gysga wagtyň içinde kuwwatly elektrik stansiýalarynyň, täze elektrik geçirijileriň gurulmagy netijesinde, energetika pudagynyň kuwwaty has-da artýar. 

Bu bolsa ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge, şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmäge giň mümkinçilik döredýär. Transmilli elektrik geçirijiler möhüm ykdysady we geosyýasy ähmiýete eýe bolup, sebitde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär. 

Gadyrly dostlar! 

«Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda geljekde ýurdumyzyň welaýatlarynda guruljak gaz turbinaly dürli elektrik stansiýalary energetika kuwwatlyklarymyzy artdyrar. Döwrebap we ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň işe girizilmegi bolsa energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrar. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda bar bolan gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmaga we olaryň täzelerini gurmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Täze elektrik geçirijiler çekilýär, paýlaýjy ulgamlar gurulýar. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda energiýa üpjünçilik we daşky yşyklandyryş ulgamlaryny täzelemek işleri alnyp barylýar. Energetika senagatynda pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmekde iň täze, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary ulanmak pudagyň esasy wezipeleriniň biridir. 

Biz energetika senagatynda halkara ähmiýetli iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, pudakda halkara hyzmatdaşlyga hem uly üns berýäris. Sebäbi daşary ýurtly sarp edijilere energiýa serişdeleriniň durnukly we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek hem öňde goýan esasy maksatlarymyzyň biri bolup durýar. 

Eziz adamlar! 
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
 

Şu günki geçirilýän halkara sergide we ylmy maslahatda Garaşsyz döwletimiziň energetika pudagynyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary we mümkinçilikleri baradaky maglumatlary alyşmaga, şeýle hem täze, geljegi uly taslamalary hödürlemäge, pudakda ýetilen sepgitlere göz ýetirmäge, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, energiýanyň täzelenýän çeşmelerini netijeli ulanmagyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, ýurdumyzyň kärhanalaryna we köp sanly daşary ýurt kompaniýalaryna özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemäge giň mümkinçilikleriň dörejekdigine ynanýaryn. 

Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde mydama rowaçlyklary arzuw edýärin. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW