Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz assosiasiýanyň agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň baş baýramynyň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň geçirilýändigini belledi.
Bellenilişi ýaly, milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewler dünýä medeniýetiniň gymmatly we naýbaşy mirasydyr. Ata-babalarymyz behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga uly üns beripdirler. Bu bedewler öz gözelligi we çalasynlygy, şeýle hem adama bolan wepalylygy bilen tapawutlanypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk pudagynyň berk binýady döredildi.
Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigini aýdyp, bu şanly ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça birnäçe çäreleriň geçirilendigini belledi.
“Ahalteke tohum atlaryny gorap saklamakda we baş sanyny köpeltmekde, behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy häzirki wagtda abraýly halkara gurama öwrüldi” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde bu assosiasiýanyň ýurdumyzdan we dünýäniň 40-a golaý döwletinden 213 agzasy bar. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynyň ahyrynda 29-njy sentýabrda Köpetdagyň eteginde durky döwrebaplaşdyrylan, häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini we oňa assosiasiýanyň agzalarynyň hem gatnaşjakdygyny aýtdy hem-de geljekde-de ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryna hormatly atlary dakmak maksady bilen taýýarlanylan resminamalara gol çekdi.
Soňra ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.
Mejlisiň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna olaryň alyp barýan işlerine berýän ýokary bahasy üçin minnetdarlyklaryny bildirdiler hem-de şu ýyl geçirilýän we ahal-teke atşynaslygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly çäreleriň ähmiýetini bellediler.