Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky hep­de­li­gi

Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň il­çi­ha­na­sy bi­len bi­le­lik­de gu­ra­lan Ko­re­ýa­nyň türk­men paý­tag­tyn­da ge­çi­ril­ýän hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly-dra­ma teat­ryn­da ko­reý halk tans to­pa­ry­nyň çy­ky­şy bol­dy. 

Ko­reý me­de­ni­ýe­ti­niň tans sun­ga­ty­nyň mil­li ly­bas­la­ry, kö­pö­wüş­gin­li be­zeg se­riş­de­le­ri, däp bo­lan saz hem-de tä­sin ho­reog­ra­fi­ki kom­po­zi­si­ýa köp san­ly to­ma­şa­çy­lar ta­ra­pyn­dan şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­nyl­dy. 

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky şu me­de­ni çä­re­si­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, me­de­ni­ýe­ta­ra alyş­ma­la­ryň, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry we dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­ny wa­gyz et­me­giň wa­jyp­ly­gy döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň umu­my dü­zü­min­de, dost­luk däp­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­nyň or­nu­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­nyň gör­ke­zi­ji­si bo­lup dur­ýar. 

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hal­ka­ra yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy, dür­li halk­la­ryň me­de­ni­ýet­le­ri­niň gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek, hyz­mat­daş­ly­gy we dö­re­di­ji­lik alyş­ma­la­ry ýo­la goý­mak ul­ga­myn­da oňyn sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk söz­le­ri aý­dyl­dy. Şol gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy bol­sa halk­la­ryň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li dost­lu­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yla­la­şy­gyň hem-de äh­lu­mu­my ösü­şiň ber­ka­rar bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. 

Soň­ky ýyl­lar­da ge­çi­ril­ýän Ko­re­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky hep­de­lik­le­ri we Türk­me­nis­ta­nyň Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri, ko­reý tans to­par­la­ry­nyň ýur­du­myz­da­ky kon­sert­le­ri, ki­no gör­ke­ziş­ler we yn­san­per­wer hä­si­ýet­li beý­le­ki bi­le­lik­dä­ki çä­re­ler mu­ňa ýar­dam ed­ýär. 

Şu ge­zek­ki Ko­re­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky hep­de­li­gi­niň mak­sat­na­ma­sy dür­li wa­ka­la­ra baý bol­dy. Bu mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da Ko­re­ýa­nyň däp bo­lan ta­gam­la­ry­nyň ta­nyş­dy­ry­ly­şy hem bol­dy. 

“Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­ýän ýyl­da bu hep­de­lik äh­lu­mu­my ösü­şiň bäh­bi­di­ne hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da we ös­dür­mek­de örän wa­jyp­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­tan —–Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­byn­da: “Her bir şa­ha­sy ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na go­şul­ma­ga my­na­syp ha­sap­la­nyl­ýan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň dö­re­me­gin­de hem, iş­jeň he­re­ket et­me­gin­de hem esa­sy orun­la­ryň bi­ri türk­men­le­re de­giş­li­dir. Yk­bal ýyl­dy­zy türk­me­ne gur­ma­gy, dö­ret­me­gi, bar­ha gül­le­dip ös­dür­me­gi, halk­la­ryň ara­syn­da ag­zy­bir­li­gi je­bis­leş­dir­me­gi, pa­ra­hat­çy­ly­gy go­rap sak­la­ma­gy, ru­hy ýö­rel­ge edin­me­gi owal­baş­da ba­gyş et­di”. 

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­byn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, “Mu­nuň özi glo­bal­laş­ma­ga we umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na dü­şün­mä­ge, dün­ýä­de ýa­şa­ýan adam­la­ryň umu­my yk­ba­ly­na akyl ýe­tir­mä­ge il­kin­ji ädim­ler bol­dy”. 

Iki ýur­duň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de her ýyl ge­çi­ril­ýän dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň alyş­ma­la­ry, fes­ti­wal­lar hem-de yl­my mas­la­hat­lar Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň halk­la­ry­nyň me­de­ni­ýet­le­ri, däp-des­sur­la­ry we dün­ýä­ga­ra­ýyş­la­ry öza­ra çuň­ňur öw­ren­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär. 

Ko­re­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky hep­de­li­gi­ni ge­çir­ýän gün­le­rin­de aş­ga­bat­ly­la­ra hem-de paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry­na Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa­syn­da öz­bo­luş­ly ugur­la­ry şöh­le­len­dir­ýän hä­zir­ki za­man we ta­ry­hy çe­per ki­no­film­ler bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.