img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabatda biodürlülik we howanyň üýtgemegi meselelerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Biodürlülik we howanyň üýtgemegi: Türkmenistanyň başlangyçlary we durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibinde häzirki döwrüň ekologik meseleleri, biologik dürlüligi gorap saklamak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, şeýle hem ekologik howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler esasy orun eýeledi.

Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Nury Jumaşow, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan we BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna çykyş etdiler.

Şeýle hem maslahata Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi Şener Jebeji, Ermenistan Respublikasynyň Ilçisi Arsen Awagýan, Azerbaýjan Respublikasynyň Ilçisi Gismet Gozalow, Italiýa Respublikasynyň Ilçisi Martin Bruk we Fransiýa Respublikasynyň Ilçisi Alena Gran gatnaşyp, çykyş etdiler.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda ekologik diplomatiýanyň ýurduň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Türkmenistanyň biodürlüligi gorap saklamak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça halkara başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýändigi bellenildi. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýerewanda geçirilen BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky konwensiýasynyň Taraplarynyň 17-nji maslahatynda (COP17), şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Antalýada geçirilen COP31 maslahatynda öňe süren başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň sebit we ählumumy başlangyçlaryny ilerletmek boýunça alnyp barylýan işler, şol sanda Aşgabat howa dialogyny döretmek, Howanyň üýtgemeginiň sanly atlasyny işläp taýýarlamak we howa tehnologiýalaryny geçirmek boýunça halkara mehanizmleri kemala getirmek barada hem maglumat berdi. Bu başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde BMG-niň, degişli halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň aýratyn orny nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ekologik meseleleri çözmek boýunça dürli garaýyşlar beýan edilip, häzirki zaman howa we tebigaty goramak bilen bagly wehimlere garşy ylalaşykly çäreleri işläp taýýarlamak üçin döwletleriň, halkara guramalaryň we hyzmatdaşlaryň tagallalaryny birleşdirmegiň ähmiýeti tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ekologik ulgamda konstruktiw dialogy ösdürmäge, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga we häzirki hem-de geljekki nesilleriň bähbidine uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk mehanizmlerini kemala getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Maslahatyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenme kabul etdiler. Onda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň wajypdygynyň ykrar edilýändigi we biodürlüligi gorap saklamak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan ygrarlylyk öz beýanyny tapdy.