“Türkmenistanyň Daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnaly
«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Her çärýekde çykýan neşirde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynyň möhüm wakalary öz beýanyny tapdy.
Žurnalyň bu sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatda eden çykyşy bilen açylýar. Şeýle hem žurnalyň göwrümli makalasy 2018-nji ýylyň möhüm wakasyna — şu ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilmegine bagyşlanypdyr.
Žurnaldaky esasy makalalaryň birinde şu ýylyň 23 — 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet sapary barada söhbet edilýär. Gepleşikleriň jemi boýunça gol çekilen resminamalar toplumy taraplaryň köpugurly ysnyşykly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanýandygyny tassyklaýar. Ol resminamalar döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryş-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdy. Ýokary derejede geçen gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklara taryhy umumylyga, sebitiň doganlyk halklaryny gadymdan baglanyşdyrýan hoşniýetli goňşuçylygyň we dostlugyň bozulmaz ýörelgelerine daýanýan netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde ýene-de bir nobatdaky möhüm ädim hökmünde baha berilýär.
Daşkent şäherinde “Aşgabat” seýilgähiniň açylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka boldy. Ol seýilgäh häzirki wagtda şäherlileriň we özbek paýtagtynyň myhmanlarynyň söýgüli künjegine öwrüldi.
Neşirde döwlet Baştutanymyzyň daşary döwletleriň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen geçirýän duşuşyklary we gepleşikleri senenamalaýyn tertipde beýan edilýär. Olaryň möhüm ylalaşyklar we şertnamalar bilen berkidilen netijeliligi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna halkara gepleşikleri alyp barmaga ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.
Meselem, 2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ol ýerde geçen ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynda iş saparynda boldy. Ol maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň onýyllygyna bagyşlandy.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda häzirki wagtda suw serişdelerini saklamak we rejeli peýdalanmak meselesiniň köp derejede umumydünýä işleriniň barşyna, berk parahatçylygy üpjün etmegiň geljegine, dünýäde durnuklylygyň, ösüşiň we abadançylygyň berkidilmegine bagly bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işini Merkezi Aziýadaky “Suw diplomatiýasynyň” möhüm ugry diýip atlandyrdy.
Türkmen Lideri Duşenbede bolan iş saparynyň çäginde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn we Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy Abdulla Abdulla bilen duşuşyklary geçirdi. Olaryň barşynda dünýä halklaryny jebisleşdirmek işinde, şeýle hem bu çärä gatnaşan ýurtlaryň köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmekde halkara maslahatyň ähmiýeti nygtaldy.
Okyjylar žurnalyň sahypalaryndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” we “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamalar bilen tanşyp bilerler.
Neşirde daşary ýurtly ýokary wezipeli myhmanlaryň Türkmenistanda geçen halkara maslahatlarda eden çykyşlaryna möhüm orun berilýär. Olaryň arasynda TRASEKA Hökümetara toparynyň hemişelik müdiriýetiniň Baş sekretary Mirça Çiopraganyň, Rumyniýanyň daşary işler ministri Teodar Meleşkanunyň we beýlekileriň çykyşlary bar.
Žurnalda “Halkara hyzmatdaşlygyň bähbitleriniň hatyrasyna Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy” atly makala Türkmen milli logistik-ekspeditor assosiasiýasynyň döredilmegine we onuň soňra FIATA-nyň doly hukukly agzalygyna girmegine bagyşlanypdyr.
“Hazar deňziniň halkara hukuk derejesi” atly makalada Hazaryň meseleleri boýunça halkara gatnaşyklara syn berilýär. Bu meseläniň örän möhümdigini göz öňünde tutanyňda, makala diňe bir hünärmenleriň däl, eýsem, köp sanly okyjylaryň arasynda hem uly gyzyklanma döreder.
Žurnalyň bu sanynda çap edilen makalalarda hut biziň ýurdumyzyň döwrüň möhüm meseleleriniň netijeli, sazlaşykly çözgüdini tapmakda eýeleýän ornunyň iri halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaş döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmagyny kesgitländigi nygtalýar.
“Suw diplomatiýasy Türkmenistanyň Daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr”, “Araly halas etmegiň Halkara gaznasy — hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri”, “Aralýaka zolagynda tokaýçylygy ösdürmek we tozanly tupanlaryň öňüni almakda onuň ähmiýeti” atly makalalar tebigaty goramak we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine bagyşlanypdyr. Bu makalalarda Merkezi Aziýanyň alymlary we hünärmenleri ekologiýa meselelerini çözmegiň dürli ýollaryny öňe sürýärler.
Türkmenistanyň Baştutany sebitiň möhüm meselesi bolan Aralyň häzirki ýagdaýyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek bilen, onuň oňyn çözgüdini tapmaga toplumlaýyn halkara çemeleşmegiň, BMG-niň işjeň we hemişelik gatnaşmagynyň ähmiýetini belleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aral boýunça BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Ol maksatnama sebitde Aralyň ýagdaýyny gowulandyrmak we durnuklaşdyrmak boýunça anyk işlerden ybarat bolmalydyr. Merkezi Aziýada birmeňzeş meseleleriň we olary çözmegiň bitewi çemeleşmesiniň bar bolmagy sebitde täsin daşky gurşawy gorap saklamak işinde netijeli hyzmatdaşlygy goldamak Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine ýardam bermek üçin goldawyň we sebit düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurlygyny görkezýär.
Žurnalyň sahypalarynda şeýle hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň utgaşdyryjy duşuşygyna gatnaşyjylar bilen taýýarlanylan söhbetdeşlikler ýerleşdirilipdir. Olarda bu ugurda alnyp barylýan işler barada gürrüň berilýär.
Mundan başga-da, okyjylar Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna hem-de “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan makalalar bilen tanşyp bilerler.
Žurnalda ýurdumyzda sporty höweslendirmek we ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň we maksatnamalaryň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly çap edilen aýratyn makala Diýarymyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine bagyşlanypdyr.
Strategik we durnukly ösüş institutynyň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hünärmenleriniň taýýarlan makalalarynda gazna bazarynyň nusgalaryny işlemegiň halkara tejribesi we olaryň Türkmenistanyň maliýe ulgamynda ulanylyşy beýan edilýär.
Žurnalyň “Diplomatiýa durmuşynyň senenamasy” atly bölüminde geçen ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçen maslahatlara, brifinglere, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy maslahatlara, hökümetara toparlaryň mejlislerine, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekiliýetleri hem-de iri halkara guramalaryň wekilleri bilen bolan ikitaraplaýyn duşuşyklara we geçirilen gepleşiklere orun berlipdir.
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly žurnalda çap edilen makalalar öz wajyplygy bilen diňe bir hünärmenleriň däl, eýsem, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köp sanly okyjylarynyň arasynda hem uly gyzyklanma döreder.