GARABOGAZ ŞÄHERINDÄKI GAZHIMIÝA TOPLUMY HALKARA ŞAHADATNAMALAR BILEN DÜNÝÄDE IŇ GOWULARYNYŇ BIRI HÖKMÜNDE BELLENILDI

Türkmenistanyň senagat taýdan ösdürilmegi daşky gurşawy goramagyň meseleleri bilen aýrylmaz bagly, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Garabogazkarbamid» kärhanasynyň açylyş dabarasynda belledi, onuň dowamynda önümiň hiliniň ýokarylygyny tassyklanylmagy, önümçiligiň netijeliligini we ekologiýa taýdan arassalygy barada zawodyň ýolbaşçylaryna halkara guramalar tarapyndan degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Şunuň bilen baglylykda Döwlet Baştutany Türkmenistanyň zyýanly gazlaryň atmosfera zyňylmagyny azaltmak boýunça halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldaýandygyny belledi. Ýurtda senagatda, şol sanda nebitgaz, elektroenergiýa we himiýa pudaklarynda ekologiýa taýdan howpsuz we gorlaryň aýawly harçlanmagyna geçmek boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar.

Soňra «Garabogazkarbamid» kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşan halkara guramalaryň wekilleri täze gazhimiýa toplumynyň ýolbaşçylaryna onuň önümçiligiň we innowasion tehnologiýalarynyň netijeliligini barada halkara guramalaryň şahadatnamalaryny gowşurdylar.

Hususan hem, Dökünler boýunça halkara ylmy merkeziniň (CIEC) prezidenti, ekologiýa ylymlarynyň professory Szi Lançžu olaryň wekilçilik edýän guramasynyň işi mineral önümi çykarýan ekologiýa taýdan howpsuz senagat edaralaryny goldamaga gönükdirilendigi belledi. Ol Türkmenistanda bu ugurda geçirilýän işe ýokary baha berip, zawodyň direktoryna täze gazhimiýa toplumynyň önüminiň ýokary hilini tassyklaýan Dökünler boýunça halkara ylmy merkeziniň şahadatnamasyny gowşurdy.  

Braunşweýg tehniki uniwersitetiniň (Germaniýa) wekili j-p doktor Mireý Wan Owerstraten bu taslama – dünýäde iň zyýadalarynyň biri, onuň durmuşa geçirilmeginde bu ugurda ulanylýan öňdebaryjy ylmy göwrümli tehnologiýalary göz öňünde tutulandygyna aýratyn ünsi çekdi.

Doktor Mireý Wan Owerstraten gazhimiýa toplumynyň Germaniýanyň Ösümlikleri ýetişdirmek boýunça federal ylmy-barlag merkezi tarapyndan iri innowasion kärhana hökmünde ykrar edilendigini belläp, innowasion tehnologiýalarynyň ulanylýandygyna şaýatlyk edýän Şahadatnamany gowşurdy.

Organiki oba hojalygy derňemegiň ylmy-barlag halkara jemgyýetiniň (ISOFAR) prezidenti, professor d-r Gerold Rahmann Garabogazdaky gazhimiýa taslamasyny iň netijeli we ekologiýa taýdan durnukly taslamalaryň biri hökmünde ykrar edýän Şahadatnamasyny gowşurdy.