Türkmen wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýumlary we söwda ministrligindäki duşuşygy

2016-njy ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministriniň orunbasary G.Kulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýumlary we söwda ministri E.Ganiýew bilen duşuşygy bolup geçdi.
Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, oba hojalygy, maşyngurluşygy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, türkmen wekiliýetiniň agzalary Özbegistanyň önümçilik kärhanamlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.