TÜRKMENISTAN GELJEKI ÜÇ ÝYLYŇ DOWAMYNDA ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNA ÝOLBAŞÇYLYK EDÝÄR.

Şu 23-nji awgustynda “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda (AHEHG) başlyklyk etmeginiň maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky mejlis geçirildi.
Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrligi tarapyndan AHEHG-niň we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň serhetýaka dolandyrylyşy” maksatnamasynyň goldaw bermeginde guraldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan esasy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň esasynda sebitde ekologiýa meseleleri boýunça döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň işjeň tarapdary bolup durýar.
Daşary ýurtlardan mejlise gatnaşýanlaryň arasynda Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň, suw hojalygy pudagynyň wekilleri, şol sanda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK), BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (ÝUNEP), BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň hem-de Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ), Şweýsariýanyň ösüş we hyzmatdaşlyk baradaky agentliginiň (SDC) Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt wekilhanalarynyň – GFR-iň, Fransiýanyň, Ysraýylyň, Italiýanyň we beýlekileriň ilçihanalarynyň wekilleri bar.
“Tegelek stoluň” esasy maksady Türkmenistanyň ýakyn üç ýylda AHEHG-de başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny hödürlemekden hem-de Aral sebitiniň meselelerini çözmäge BMG-niň düzümlerini, beýleki halkara guramalaryny, banklary we hemaýatkärleri çekmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň AHEHG-de başlyklyk etmeginiň mejlisde hödürlenen maksatnamasynda sebitde bar bolan hem-de döreýän ekologiýa meselelerini çözmek babatda toplanan üstünlikli tejribäniň esasynda daşky gurşawy goramak meseleleriniň ählisi boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy, sebitiň ýurtlarynyň iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ulgamyndaky ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary bilen ysnyşykly gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Araly halas ediş halkara gaznasyna ýolbaşçylyk Özbegistandan Türkmenistana geçýär.