Türkmenistanyň Prezidenti bank ulgamyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň esasy bank edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny maliýeleşdirmegiň meseleleri, sanly ykdysadyýete geçmek baradaky maksatnama, halk hojalyk toplumynda taslamalary amala aşyrmak üçin maýa goýumlary çekmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew çykyş edip, milli Liderimize ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, ykdysadyýetiň pudaklaryny sanly ulgama geçirmegi maliýeleşdirmek, halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, ýurdumyzyň welaýatlaryny özgertmek, dünýäde Diýarymyzyň nebitgaz ulgamynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ulag-logistika düzümini kemala getirmek meseleleri barada habar berildi.

Şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň we eksport ugurly önümleriň möçberini artdyrmak, innowasion esasda obasenagat toplumyny, durmuş ulgamlaryny — bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmek we döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynda möhüm bolan birnäçe beýleki iri möçberli maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmak boýunça görlen çäreleriň netijeleri aýdyldy.

Bank düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler hasabatyň aýratyn meselesi boldy. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda milli manadyň durnuklylygyny, bank ulgamynyň elýeterliligini, töleg ulgamynyň netijeliligini we ygtybarlylygyny üpjün etmek, maýa goýumlary çekmek boýunça çäreleriň toplumy durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde, raýatlar hem-de kiçi we orta telekeçilik üçin maliýe hyzmatlarynyň elýeterliliginiň derejesini ýokarlandyrmaga we gerimini giňeltmäge, ilatyň goýumlarynyň we dürli pudaklarda ykdysady taýdan bähbitli taslamalary karzlaşdyrmagyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen işler alnyp barylýar. Şeýle hem täze usullary we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň ulgamynyň kämilleşdirilişi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgama geçmek baradaky wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, ýurdumyzyň bank ulgamynda amala aşyrylýan işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Dünýä ykdysadyýetindäki we ählumumy maliýe-bank ulgamyndaky hemişe üýtgäp durýan ýagdaýlara laýyk gelmek degişli edaralaryň işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Internet ulgamynyň we ykjam aragatnaşygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň hasabyna ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek gerek. Senagatlaşdyrmak maksatnamasynyň we beýleki maksatnamalaryň çäklerinde hususy ulgamyň wekilleriniň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň çalt ösýän kiçi we orta kärhanalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan taslamalary karzlaşdyrmak baradaky meselelere aýratyn üns bermek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Merkezi bankyň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz daşary ýurt banklary hem-de halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň ykdysady ulgamynda maýa goýum hyzmatlaryny ösdürmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitläp, eýýäm däp bolan gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny belledi.

Daşary ýurt maýa goýumlary halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryndaky, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika toplumyndaky, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny sanly ulgama geçirmek babatdaky, oba hojalygyndaky, ulag-kommunikasiýa ulgamyndaky iri taslamalary maliýeleşdirmäge gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Nagt pul dolanyşygyny azaltmak we döwrebap tehnologiýalar bilen birlikde töleg kartlaryna daýanýan nagt däl hasaplaşyklaryň gurallaryny ornaşdyrmak häzir geljegi uly ugurlaryň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle gurallary peýdalanmak bilen amala aşyrylýan maliýe amallaryny kadalaşdyryjy düzgünleri döwrebaplaşdyrmaga jogapkärli çemeleşmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işler, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen, abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklarynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň maýa goýumlaryny çekmek baradaky meselelere hasabatda aýratyn üns berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, bu gatnaşyklaryň esasyny düzýän ýörelgeler bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliliginden, durmuş taýdan ähmiýetliliginden hem-de ekologiýa howpsuzlygyndan, taraplaryň berk hem-de uzak möhletli üstünligi gazanmak üçin has netijeli gurallary gözlemeginden ybaratdyr.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň, hususan-da, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, Singapuryň hem-de beýleki döwletleriň esasy maliýe düzümleri bilen gatnaşyklar has işjeňleşdi. Ýangyç-energetika toplumynda, ulag-kommunikasiýa ulgamynda eýýäm amala aşyrylan we durmuşa geçirilýän halkara ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi netijeli hyzmatdaşlygyň ajaýyp mysaly bolup hyzmat edýär.

Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Hytaý we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijileri aýratyn uly ünsi çekip, diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi üçin hem örän uly durmuş-ykdysady ähmiýete eýedir. Şeýle hem «Visa» we «MasterCard» halkara töleg ulgamlary arkaly edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek maksady bilen görülýän çäreler barada habar berildi. Bu bolsa milli ykdysadyýetimize maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagyny artdyrmaga hem-de bank ulgamynyň töleg ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýasyny amala aşyryp, ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny, işewürligi üstünlikli alyp barmaga hemme şertleri döredip, häzir dünýäde belent abraýa mynasyp bolmak bilen, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen açyk, uzak möhletli, özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýändigini nygtady.

Öňdebaryjy daşary ýurt maýadarlarynyň döwletimiz bilen strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi Diýarymyzdaky syýasy we ykdysady durnuklylyk, tebigy serişdeleriň baý gorlary, şol serişdeleriň eksport we üstaşyr mümkinçilikleri hem-de senagatlaşdyrmak, sanly ulgama geçirmek we yzygiderli ösýän bazar bilen şertlenendir.

Biz ykdysady diplomatiýany pugtalandyrmak boýunça wezipeleri çözüp, ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygy hem-de abraýly halkara maliýe düzümleri, ykdysady taýdan ösen döwletler, öňdebaryjy tejribä hem-de innowasion tehnologiýalara eýe bolan bütin dünýä belli kompaniýalar bilen hyzmatlar ulgamyny giňeltmäge aýratyn üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bu düzümleriň mümkinçiligini ýangyç-energetika, obasenagat toplumlarynda, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem-de milli we halkara ähmiýetli beýleki pudaklarda köp sanly maýa goýum taslamalary amala aşyrylanda işjeň peýdalanmak gerek.

Bankara hyzmatdaşlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek möhüm meseleleriň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de halkara hasaplaşyklaryň amallaryny kämilleşdirmek meselelerini düzgünleşdirýän hukuk binýadyny pugtalandyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sanly maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy, töwekgelçilikleri we maýalary dolandyrmagyň netijeli ulgamyny ýokarlandyrmagy, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegi hem-de işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegi, bankyň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmegi geljek üçin möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Dünýäniň bank bazarynda eýelenýän ornuň güýçlendirilmegi işleriň esasy görnüşi boýunça strategik maksatlary gazanmagyň netijeleri bolar. Munuň özi Döwlet daşary ykdysady iş bankyna hem mundan beýläk-de durnukly we ygtybarly karz beriji edaranyň ykdysady taýdan belent derejesini ynamly eýelemäge, geljegi uly maýadarlar üçin özüne çekiji bolmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmegi, ykdysadyýeti ýokary hilli depginli döwrebaplaşdyrmagy we ýurdumyzy yzygiderli ösdürmäge, ahyrky netijede bolsa, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň hemişe ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen täze döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagy üpjün etmäge ukyply işgärleri taýýarlamak baradaky meselelere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda häzirki günde maliýe durnuklylygynyň saklanýandygyny, halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlarynda durnukly ýokary ösüş depgininiň hasaba alynýandygyny, durmuş ulgamynyň ösüşiniň dowam edýändigini, şol sanda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň özgertmeleriniň üstünlikli geçirilýändigini nygtady.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan senagat syýasaty, uglewodorod serişdeleri bilen bagly bolmadyk pudaklary işjeňleşdirmäge tarap alnan ugur, giňden karzlaşdyrmak we maksadalaýyk bolmadyk çykdajylary azaltmak syýasaty bilen bir hatarda, amala aşyrylýan işler türkmen ykdysadyýetiniň köp ugurlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny saklamaga, daşary söwda amallaryny giňeltmäge hem-de eksport amallarynyň mukdaryny ozalky ýyllaryň derejesinde saklamaga ýardam berýär.

Amala aşyrylýan ykdysady strategiýada karz serişdelerine garanyňda, göni maýa goýumlardan ugur alynýandygyny nygtamak aýratyn möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi. Onuň netijeliligi içerki bazarda goşmaça önümçilik isleglerini döretmäge mümkinçilik berýändiginde jemlenip, maliýe we ykdysady ýagdaýyň durnuklylaşmagyna ýardam berýär hem-de daşarky berginiň artmagyna alyp barmaýar. Türkmenistanyň daşarky bergisiniň görkezijisiniň örän pes bolmagy munuň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Içerki bazary öz önümlerimiziň hasabyna doldurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini höweslendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň ähmiýetini aýratyn bellemek möhümdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de senagatda, oba hojalygynda, hyzmatlar ulgamynda milli ykdysadyýetimiziň örän uly kuwwatyny amala aşyrmaga ýardam berýän eksport ugurly pudaklaryň döredilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň hakyky ýagdaýlaryň nazara alnyp düzülýändigini, onda pul serişdeleriniň örän oýlanyşykly, maksadalaýyk peýdalanylmagynyň göz öňünde tutulandygyny belledi. Durnuklylaşdyryş gaznasy ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýyna oňyn täsir edýär. Bu gaznanyň serişdeleri ileri tutulýan maýa goýum taslamalarynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilýär. Bu bolsa halk hojalyk toplumynyň käbir ugurlaryna oňaýly bolmadyk daşarky ýagdaýlaryň täsirini peseltmäge mümkinçilik berýär hem-de iş öndürijiliginiň ösüşini we hojalygy dolandyrmagyň depginli usullaryna geçilmegini üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, býujet we pul-karz ulgamynda geçirilen we amala aşyrylýan özgertmeler ykdysady ösüşiň durnuklylygyny hem-de düzümleýin we durmuş wezipeleriniň üstünlikli çözülmegini gazanmaga mümkinçilik berdi diýip belledi. Maliýe ulgamy ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň arasynda serişdeleriň pul görnüşinde çeýe, oýlanyşykly paýlanylmagyny, milli pulumyz bolan manadyň durnuklylygyny üpjün edip, maýa goýum işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda makroykdysady durnuklylygyň derejesini üpjün etmek, manadyň durnuklylygyny hem-de hümmetsizlenmek derejesini kesgitlenen ölçeglerde saklamak, nagt däl hasaplaşyklary geçirmek boýunça hyzmatlaryň gerimini giňeltmek babatda anyk çäreleri görmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ykdysadyýete geçmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Munuň özi bu gün türkmen döwletini ykdysady taýdan depginli ösdürmegiň täze nusgasy bolup durýar.

Şu maksat bilen innowasion syýasaty iş ýüzünde durmuşa geçirmek, senagat düzüminiň gurulýan desgalarynyň dünýä derejesindäki ýagdaýlara laýyklygyny üpjün etmek üçin tehnologiýa giňişligini kemala getirmäge jogapkärli çemeleşmek möhümdir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de abraýly maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegi tabşyrdy.

Mümkin bolan ýokary derejede innowasiýalara we iň täze tehnologiýalara esaslanýan ykdysady ýagdaýlary kemala getirmek, dünýä bazarynda döwletimiziň mynasyp orny eýelemegi üçin ýurdumyzy senagatlaşdyrmagy örän çaltlandyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz Merkezi bankyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýurdumyzyň esasy maliýe edaralarydygyny, kabul edilen maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmek we ösdürmek üçin hereketlendiriji güýç bolup durýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz banklaryň ýolbaşçylaryna iri möçberli işleri maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek, welaýatlary özgertmek, bäsdeşlige ukyply eksport önümlerini öndürmek boýunça kärhanalary, goşmaça iş orunlaryny döretmek, telekeçilik işjeňligini goldamak boýunça ýakyn geljege niýetlenen meseleleriň öz wagtynda çözülmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellenen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň diňe bir bank edaralarynyň däl, eýsem, tutuş halk hojalyk toplumynyň hem işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirip, iş maslahatyna gatnaşanlara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.