Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamany kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyz üçin ähmiýetli wakalara bagyşlanylan sanly ulgam arkaly wideokonferensiýa geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan möhüm resminama — 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz wideokonferensiýany açyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen ştab-kwartirasyndan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ýokary halkara abraýynyň hem-de ýurdumyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygynyň nobatdaky ajaýyp subutnamasyna öwrülen hoş habaryň gelip gowşandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

Wise-premýeriň, DIM-niň ýolbaşçysynyň hasabat berşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Şunuň bilen birlikde, mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 11 — 12-nji awgustynda
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi.

HYF-nyň hem-de onuň çäklerinde geçirilen möhüm çäreleriň netijeleri Hazar ykdysady forumynyň Jemleýji Beýannamasynda öz beýanyny tapdy. Şol resminama 2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi hem-de BMG-niň resmi dillerinde çap edildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi bu şanly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz aýdylan habary kanagatlanma bilen diňläp, watandaşlarymyza ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, biziň Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri hem sebitde we bütin dünýäde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy ýokary derejede üpjün etmekden ybaratdyr.

Bu ugurda Garaşsyz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öz bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, parahatçylygy gorap saklamak we dürli döwletleriň arasynda özara ynanyşmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylygy söýmek, ynsanperwerlik häsiýetleriniň we däpleriniň Garaşsyz döwletimiziň bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýandygyny belledi.

Halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde we umumadamzat ösüşine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda ýurdumyzyň alyp barýan şeýle syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýar.
i

Şoňa görä-de, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň batly gadamlaryny döwletimiziň daşary syýasatda gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem aýdyňlygy bilen görmek bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan şatlykly habarlaryň ikisiniň gelip gowşandygyna ünsi çekdi.

Olaryň birinjisi, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça öňe sürlen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň ähli agza döwletler tarapyndan biragyzdan kabul edilmegidir.

Milli Liderimiz bu resminamanyň bilelikde döredijileri hökmünde dünýäniň 73 döwletiniň çykyş edendigini belläp, pursatdan peýdalanyp, şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegine goşant goşan ähli ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem şu ýylyň 11 — 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi we bu halkara guramanyň resmi dillerinde çap edildi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli watandaşlarymyzy bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlap, biziň başlangyjymyz bilen kabul edilen bu resminamalaryň Bitarap döwletimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň hatyrasyna alyp barýan daşary syýasy ugrunyň dünýä bileleşiginiň hemmetaraplaýyn goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

«Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän berkarar Watanymyz häzirki wagtda goňşy döwletler, şeýle hem Ýer ýüzüniň dürli ýurtlary bilen parahatçylykly, hoşniýetli, özara bähbitli giň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Şeýle etmek bilen, Türkmenistan häzirki zamanyň çylşyrymly şertlerinde dünýäde asudalygy gorap saklamakda, daşky gurşawy goramakda, ykdysady, energetika we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, ählumumy wehimlere garşy netijeli göreşmekde halkara giňişlikde taryhy ähmiýetli ynsanperwer syýasy başlangyçlary ynamly öňe sürýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Biziň döwletimiz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de halkara borçnamalaryndan ugur alyp, ähli meseleleri syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň üsti bilen çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady.

Türkmenistan Bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň öz daşary syýasatynyň esasy bolandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny anyk işleri arkaly subut edip gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda taýýarlanylan bu resminamalaryň kabul edilmegi we çap edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Bitarap döwletimiz dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda geljekde hem ähli tagallalary eder.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň baýram edilmeginiň öň ýanynda bolup geçen bu möhüm wakalar bilen watandaşlarymyzy ýene-de bir gezek gutlady.