TÜRKMENISTANYŇ BAE-KI BAŞ KONSULY PATENT GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) Baş konsuly Y.Amanow BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Dubaý şäherindäki edarasynyň ýolbaşçysy jenap Abdulrahman Ganem Al Mutaiwe Konsullyk patentini gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Diplomatlar şeýle-de geljekde hem iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýratyn nygtadylar.