«Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi gojaman Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň we maslahatyň üstünlikli geçmegini arzuw edýärin!

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralýan bu giň möçberli çäräniň dünýäniň syýahatçylyk ulgamynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara derejede şeýle çäräniň geçirilmegi syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermekde, dünýä döwletleri bilen bu ulgamda hoşniýetli hyzmatdaşlygy kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki döwürde syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler Türkmenistanyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman milli syýahatçylyk düzümini döretmek, ýurdumyzyň çäginde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny döwrebaplaşdyrmak babatynda uly işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, ýurduň içinde hem-de daşary ýurtlarda syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasynyň we köpdürlüliginiň giňeldilmegi, ekologiýa, sagaldyş, sport we at üstünde syýahatçylyk ýaly täze ugurlaryň ornaşdyrylmagy, döwrebap we amatly dynç alyş şertleriniň döredilmeginiň dowam etdirilmegi milli syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Watanymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny, tebigy gözelliklerini dünýä ýüzüne wagyz etmek ulgamyň işgärleriniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Hazaryň ajaýyp kenarynda geçirilýän bu halkara çäre hem Türkmenistanyň, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň taryhy-medeni ýadygärlikleri, milli mirasy, däp-dessurlary bilen tanyşdyrmaga, dünýäniň syýahatçylary bilen täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam eder.

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde eýeleýän mynasyp orny we gazanan belent abraýy diňe bir onuň ykdysady mümkinçilikleri bilen däl, eýsem, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni gymmatlyklary bilen hem kesgitlenilýär. Türkmen tebigatynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, tebigy täsinlikleri, halkymyzyň milli mirasynyň baýlygy hem-de özboluşlylygy, köp sanly arheologiýa ýadygärlikleri, orta asyrlar binagärliginiň gymmatlyklary ýurdumyza dünýäniň syýahatçylyk ulgamynda eýeleýän ornuny berkitmekde giň mümkinçilikleri döredýär.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly taryhy ýadygärlikler, Garagum sährasynyň täsinlikleri, Köýtendagyň gözellikleri syýahatçylarda aýratyn gyzyklanma döredýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» şadessany, Nowruz baýramynyň däp-dessurlary, küştdepdi aýdym we tans dessury ýurdumyza gelýän myhmanlary, jahankeşdeleri türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrmakda aýratyn uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanda häzirki zaman syýahatçylyk ulgamyny emele getirmek halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurdumyza innowasion tehnologiýalary çekmegiň hem-de milli ykdysadyýeti toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň möhüm şertleriniň biridir.

Ýurdumyzda syýahatçylygyň meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda kaşaň myhmanhanalar toplumlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi, ýurdumyzyň dünýä syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýän uly mümkinçiliklere öwrüldi. Syýahatçylyk ulgamynda häzirki zaman bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegi, netijeli guramaçylyk çeşmeleriniň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegi, bu ulgama maýa goýumlarynyň çekilmegi hem-de uzak möhletli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge giň şertleri döredýär.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.