Ýurdumyzda Russiýa kino sungatynyň eserleri görkeziler

photo

Paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda we «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde 3-nji noýabrdan 6-njy noýabr aralygynda Russiýanyň kinofilmleri görkeziler.

Kino sungatynyň muşdaklary üç günüň dowamynda russiýaly kinorežisýorlaryň täze eserleri bilen tanşyp we dürli ýyllarda meşhurlyk gazanan filmlere tomaşa edip bilerller.

Russiýa kinosynyň günlerinde Bütinrussiýa « Russiýa kinosyna wiwat!» festiwalynyň Baş baýragyna mynasyp bolan Wladimir Potapowyň «Ümsümligiň sesi» atly harby kinodramasy (2019 ý), Karen Şahnazarowyň «Gagrada gyş agşamy» liriki komediýasy (1985 ý), Mihail Rashodnikowyň «Gadyrly kaka» komediýasy (2019 ý), paraolimpiýa oýunlarynyň iki gesek çempiony Alekseý Moşkiniň ykbaly hakynda režisýorlar Tamara Sosoriýanyň, Ýana Polýaruşyň, Konstantin Kutuýewiň, Myrat Alyýewiň «Uçutdan belentlige» (2017 ý) filmi, ýaş režisýorlar Ýewgeniýa Ýaskina bilen Alýona Rubinşteýniň «Bu hemişelik däl» dramasy, Wera Glagolewanyň Iwan Türgenewiň «Obadaky aý» powesti esasynda surat düşüren «Iki zenan» (2014 ý) filmi görkeziler.

Kino günlerini russiýaly kinematografiýaçylaryň wekilýetiniň tomaşaçylar bilen duşuşygy we paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda metbugat maslahaty açar.

Russiýa filmleri şeýle hem Balkanabadyň we Türkmenbaşy şäheriniň kinoteatrlarynda hem görkeziler.

Girmesi mugt.