Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine gutlag hatyny iberdi. Onda 29-njy iýunda bolan telefon arkaly söhbetdeşligi we onuň dowamynda Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek boýunça umumyrussiýa ses bermegi üstünlikli geçirmegi arzuw edendigi mähir bilen ýatlanylýar.

«Ses bermegiň dowamynda Russiýanyň halky öz saýlap alan ýoluny kesgitledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlamak isleýärin. Ses bermegiň netijeleri russiýalylaryň Siziň döwlet gurluşyny berkitmäge we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen ýoluňyza ýokary ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýar. Bu möhüm wakanyň Russiýanyň mundan beýläk-de ösmegine we onuň raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn» diýip, milli Liderimiz gutlagynda belleýär.

Şeýle hem Türkmenistanda Russiýa Federasiýasy bilen dostluk gatnaşyklaryna aýratyn gadyr goýulýandygyny, taraplaryň hyzmatdaşlygyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen üstüniň ýetirilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetlilik we birek-birege ynam mahsus bolan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we möhüm hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine berk ynanýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine berk jan saglyk, bagt we üstünlik, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.