Bitaraplyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr
Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 25 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Ol sebit we ählumumy möçberli syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmäge oňyn täsir edýän ýagdaý hökmünde özüni barha aýdyň äşgär edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu bolsa dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan döwlet hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny barha belende galdyrýar» diýip belleýär.
Bitaraplyk milli bähbitleri amala aşyrmagyň has kabul ederlikli nusgasy bolmak bilen, ýurdumyzyň taryhy, geosyýasy, medeni ýörelgelerine laýyk gelip, dünýä giňişliginde, şeýle hem içerki ösüşde Türkmenistanyň üstünlikleriniň inkär edip bolmajak we möhüm şertleriniň biri bolup durýar.
Bitaraplyk durnuklylygyň, durmuş adalatlylygynyň we ösüşiň sinonimi hökmünde ýurdumyzyň raýatlarynyň aňyna berk ornaşdy. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa Bitaraplyk birek-birege hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň nyşany hökmünde çykyş edýär.
«Bitaraplyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar we köp babatda hut şu derejäniň biziň üstünliklerimizi şertlendirendigini belleýär.
Hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda öňde duran maksatlary we wezipeleri has anyk kesgitlemek üçin ýurdumyzyň geçen ýoluna ýene-de bir gezek nazar aýlamak, şu geçilen ýyllaryň dowamynda ähli ulgamlarda ýerine ýetirilen işleriň esasy jemlerini jemlemek üçin esas bar.
Milli Liderimiziň ýokarda getirilen jümlesinden alnan umumy sözbaşy astynda çap ediljek makalalar toplumynda Türkmenistanyň ösüşiniň esasy ugurlary hem-de Bitaraplygyň ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmakda ýurdumyzyň toplan tejribesi beýan ediler.
1. Parlament diplomatiýasy ýurdumyzyň halkara
abraýyny pugtalandyrmagyň kepilidir
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ähli ugurlar boýunça halkara hukugyň ýörelgeleriniň we kadalarynyň kämilleşdirilmegine ýardam edýär. Bitaraplygyň düzgünleri içerki ösüşiň we daşarky ugruň strategik wezipelerini çözmekde, halkara durmuşyň esasy taraplaryny milli bähbitler bilen utgaşdyrmakda ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlarynyň esasy bolup durýar.
Ýurdumyzyň täze syýasy medeniýetini kemala getirmekde we türkmen döwletliligini ösdürmekde, jemgyýeti umumymilli ýörelgeleriň töwereginde jebisleşdirmekde Türkmenistanyň Mejlisi möhüm orun eýeledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, onuň tagallalary parahatçylygy üpjün etmäge, beýleki döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, halkara guramalaryň çäklerinde köptaraply gatnaşyklary pugtalandyrmaga, bu ulgamda şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli diplomatik strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde, Türkmenistan netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýup, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň täze ýollaryny we ugurlaryny işläp taýýarlamakda baý tejribe toplady.
Ýurdumyz halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen, halkara konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň we beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň 150-den gowragyna işjeň gatnaşyp, özüniň daşary syýasy ugrunyň ýaşaýşa ukyplydygyny hem-de seçip alan ýolunyň dogrudygyny tutuş dünýä äşgär etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň many-mazmuny, esasy özeni barada şeýle diýdi: «Bitaraplyk biziň beýik baýlygymyzdyr. Onuň gymmaty dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Munuň özi parahatçylygyň we dostlugyň, ynsanperwerligiň hem-de hoşniýetliligiň dabaralanmagyny, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün edýän taglymatdyr».
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde deputatlar düzüminiň işini milli bähbitleri amala aşyrmaga we gatnaşyklar üçin açyk bolan durnukly we ygtybarly hyzmatdaş, şeýle hem parahatçylyk dörediji, dünýä we sebit möçberinde wajyp meseleleriň ählisi boýunça köptaraply diplomatik gepleşikleri geçirmek pikirini öňe sürýän ýurt hökmünde döwletimiziň abraýyny belende galdyrmaga gönükdirýär.
2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň miweleriniň biri boldy. Munuň özi, bir tarapdan, dünýä bileleşiginiň Türkmenistana, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly ynamyny görkezýär, beýleki bir tarapdan bolsa, ýurdumyzyň saýlap alan ýoluna ygrarlydygyny aýdyňlyk bilen tassyklaýar.
Şoňa görä-de, 12-nji dekabr — Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilen güni Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi hem-de parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi dabaralandyrýan ajaýyp baýramçylyga öwrüldi.
Halkymyz milli Liderimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda öz öňünde beýik maksatlary goýmak bilen, 2020-nji ýylyň ajaýyp senesini — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny ruhubelentlik ýagdaýynda garşylaýar. Bu möhüm sene diňe bir milli derejede däl, eýsem, halkara derejede hem uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyz parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit derejesindäki özara gatnaşyklarda baý tejribe toplap, ylalaşyklylygyň hem-de dostlugyň merkezine öwrüldi. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň, ýurdumyzyň parlamentiniň we Hökümetiniň yzygiderli hem-de sazlaşykly işiniň aýdyň netijesidir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy türkmen diplomatiýasy tarapyndan gazanylan ägirt uly üstünlikdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzyň döredijilikli esasyny düzýän, halkara gatnaşyklaryň many-mazmunyny baýlaşdyrýan hem-de olaryň ugurlaryny kesgitleýän täsirli gurala öwrüldi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ösüşiniň taryhy, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky oňyn tejribesi häzirki wagtda dünýäde uly gyzyklanma döredýär, döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň, alymlaryň, halkara guramalaryň we syýasatşynaslyk merkezleriniň ünsüni özüne çekýär. Bu tejribe öwrenilýär hem-de ýaýradylýar.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylyň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän köp sanly çäreler hem muňa ýardam etmelidir. Bitaraplygyň halkara ähmiýetini açyp görkezýän we onuň ýörelgelerini ilerledýän maslahatlar ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşlaryň hem-de giň jemgyýetçiligiň, Mejlisiň deputatlarynyň işjeň gatnaşmagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.
Mundan başga-da, iri halkara guramalaryň wekilleriniň, meşhur syýasatşynaslaryň gatnaşmagynda teleköprüler, wideoaragatnaşyk arkaly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde Bitaraplygyň ähmiýetine bagyşlanan duşuşyklar hem-de brifingler guralýar. Bularyň ählisi halklaryň ýakynlaşmagynda, döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda Bitaraplygyň ähmiýetli ornuny giňden beýan edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy taryhy geçmişden gözbaş alýar hem-de türkmenleriň parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ylalaşyklylyk ýaly milli aýratynlyklaryna daýanýar. Bularyň ählisi biziň günlerimize çenli saklanyp galan däp-dessurlarymyzda, halkymyzyň we döwletimiziň dünýägaraýyş babatdaky gymmatlyklarynyň häzirki zaman ulgamynda, olaryň esasynda duran ýurdumyzyň ösüşiniň kanunçylyk üpjünçiliginde öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň hukuk ulgamyny pugtalandyrmakda we kämilleşdirmekde öňe sürülýän esasy maksat döwletiň we jemgyýetiň, her bir şahsyýetiň bähbitleriniň sazlaşygyna we deňagramlylygyna gönükdirilen kanunlary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şu örän wajyp wezipeden ugur alnyp, milli kanun çykaryjylyk ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär hem-de täze kanunlar kabul edilýär.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda 185 döwletiň goldamagynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy.
Bu Kararnamada her bir döwletiň daşary syýasatynyň halkara hukugyň kadalaryna we ýörelgelerine hem-de BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda özbaşdak kesgitlenilýändigi nygtalýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna umyt bildirilýär. Geçen çärýek asyr bu umyt-arzuwyň hasyl bolandygyny doly tassyklaýar diýsek, hakykatdan daşlaşdygymyz bolmasa gerek.
2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy degişli Kararnamany kabul edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ikinji gezek ykrar etdi. Bu Kararnamada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitiň ýurtlary we beýleki döwletler bilen parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigi, Türkmenistanyň işjeň we oňyn orny eýeleýändigi bellenilýär. Şeýle hem bu resminamada hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada hem-de Hazar sebitinde ykdysady, durmuş, medeni we ekologiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldanylýar.
Milli kanun çykaryjylygy kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan işlerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyk gelýän halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň hukuk taýdan goldanylmagy aýratyn orun eýeleýär.
1995-nji ýylda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Onda ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmeginiň halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtalýar.
Konstitusion kanunyň 3-nji maddasynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty ýöredýändigi, beýleki döwletler bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgeleri esasynda guraýandygy bellenilýär.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleri hukuk taýdan goldamaga gönükdirilen milli kanunçylygymyz döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Mysal üçin, 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi.
Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň ikinji maddasyna dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hakyndaky kadalar girizildi.
Hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýändigi we goldaýandygy, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we goldamaga, şeýle hem onuň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga çagyrýandygy bellenilýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygy aýratyn nygtalýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň 9-njy maddasynda: «Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär» diýip bellenilýär.
Bu esasy ýörelgelere ygrarlylyk Watanymyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň belende galmagyny we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagyny şertlendirýär.
Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde konstitusion gurluşyň, milli kanun çykaryjylygy ösdürmegiň, döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň düýbünden täze ulgamyny döretmegiň we işini ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady. Hut parlament wekilçilikli demokratiýanyň merkezinde ýerleşmek bilen, raýatlaryň zerurlyklaryna laýyk gelýän hem-de jemgyýetiň durnukly we deňhukukly ösüşini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýän kanunlary kabul edýär.
Häzirki döwürde ýurdumyz öz ösüşiniň täze tapgyryny başdan geçirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bazar ykdysadyýetine geçmek, jemgyýeti we döwleti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisinde sekiz komitet, ýagny Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitet, Kada-kanunçylyk baradaky komitet, Ykdysady meseleler baradaky komitet, Durmuş syýasaty baradaky komitet, Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitet, Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitet, Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitet, Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitet hereket edýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň işi maslahatlar görnüşinde amala aşyrylýar. Olarda kanunlaryň taslamalary, Mejlisiň kararlary ara alnyp maslahatlaşylýar we kabul edilýär. Kanunlaryň hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary deslapdan komitetlerde ara alnyp maslahatlaşylýar hem-de kabul etmek üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlarynyň garamagyna girizilýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň taslamalaryny işläp taýýarlamak we olara garamak işinde iş toparlary döredilýär. Şol toparlaryň işine alymlar, hünärmenler hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň jogapkär işgärleri çekilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, kabul edilen kanunlary we beýleki kanunçylyk namalaryny, aýratyn-da, adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary bilen baglanyşykly kanunlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap etmek olary ulanmagyň hökmany şerti bolup durýar.
Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek hukugy kanun tarapyndan bellenen tertipde bellige alnan syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlaryň ýygnaklary tarapyndan amala aşyrylýar. Deputatlar gizlin ses bermek arkaly saýlanylýar. Saýlawlary geçirmek üçin Merkezi saýlaw topary tarapyndan saýlawçylaryň sany, takmynan, deň bolan 125 saýlaw okrugy döredilýär.
Türkmenistanyň Mejlisi 125 deputatdan ybarat bolup, olar bäş ýyl möhlete saýlanylýar. Milli parlamentde zenanlaryň eýeleýän orny uludyr. Mysal üçin, altynjy çagyrylyşda milli parlamentiň deputatlarynyň 31-si, ýagny 25 göterimi (şol sanda Mejlisiň Başlygy) zenandyr. Munuň özi dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine laýyk gelýär.
Döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, 2008-nji we 2016-njy ýyllarda konstitusion özgertmeler geçirildi.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny taýýarlanyldy we kabul edildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralarynyň ösüşinde täze tapgyr başlanýar.
Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy onuň durmuş ugurlylygyndan, her bir raýatyň bähbidini nazara almaga çalyşmakdan hem-de köp çagaly maşgalalary, pensionerleri, maýyplary, hossarsyz çagalary goramakdan ybaratdyr.
Deputatlar milletiň saglygyny we daşky gurşawy goramaga, ylmy goldamaga hem-de bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda tertip-düzgüni, durnuklylygy we howpsuzlygy kepillendirmäge gönükdirilen kanunçylygy kämilleşdirmäge saldamly goşant goşýarlar. Raýatlar bilen işlemek Mejlisiň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň köpugurly işinde halkara we parlamentara işiň meseleleri möhüm orun eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu işiň giňeldilmegi Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine has işjeň goşulyşmagynyň zerurlygy bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy bilen ýola goýlan gatnaşyklary, şol sanda kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Mejlisi Parlamentara birleşigiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň doly hukukly agzasy bolup durýar we beýleki iri halkara Parlament Assambleýalarynyň işine işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Mejlisi döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde, dostlugy we doganlygy pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasynyň ornuna uly ähmiýet berýär hem-de şol gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belleýär.
Biziň deputatlarymyz parlamentara forumlara gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryny ilerletmek we durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ösüşinde gazanylan üstünlikleri wagyz etmek üçin halkara münberi işjeň ulanýarlar, beýleki döwletlerdäki kärdeşlerine bizde amala aşyrylýan syýasy we ykdysady özgertmeler barada dogry we anyk maglumatlary berýärler, häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň köpüsi boýunça biziň garaýyşlarymyzy beýan edýärler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly daşary syýasatynyň ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi ikitaraplaýyn esasda dünýäniň 43 döwletiniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlaryny döretdi.
Kanunçylygy bir nusga getirmek, halkara hukugyň kadalaryny ornaşdyrmak, dünýäniň kanun çykaryjylygynyň iň oňat tejribesini ulanmak, kanun çykaryjylygyň ýagdaýyny seljermek boýunça geçirilýän işler türkmen parlamentarileriniň halkara işiniň möhüm bölekleriniň biridir.
Kanun çykaryjylyk işinde hem-de parlament gözegçiliginde syýasy partiýalar möhüm orun eýeleýär. Olar kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryna hödürlenen hem-de saýlanan agzalar arkaly bu işlere gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn gatnaşýarlar.
Döwlet tarapyndan bellige alnan partiýalar Türkmenistanda dürli derejedäki saýlawlara öz agzalaryny hödürleýärler hem-de döwlet durmuşynyň meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalary bar. Milli parlamentiň deputatlarynyň hatarynda raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen wekilleriň bolmagy örän wajypdyr.
«Türkmenistanyň Döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi döwlet sylaglaryny döredýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy bilen bagly şanly wakalar mynasybetli 1998-nji ýylda «Bitaraplyk» ordeni, 2015-nji ýylda «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly, 2020-nji ýylda «Bitarap Türkmenistanyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly döredildi.
Şu ýylyň dowamynda amala aşyrylan syýasy-hukuk özgertmeleri, aýratyn hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi, kanun çykaryjy edaranyň iki palataly düzüminiň döredilmegi ýurdumyzyň konstitusion gurluşyny has-da berkitdi.
Iki palataly parlamentiň döredilmegi bilen, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýet öz ösüşinde täze derejä çykýar. Iň esasysy bolsa, kabul edilýän kanunlaryň hiliniň hem-de kanunçylyk namalaryny kabul etmekde syýasy partiýalaryň ornunyň has ýokarlanmagy üçin şertler döredilýär. Şu özgertmeler arkaly Türkmenistan döwrüň talabyna laýyk gelýän ösen syýasy ulgamly, özygtyýarly döwlet hökmünde özüni halkara giňişlikde barha ynamly ykrar etdirýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklarynyň çägini giňeldýär, syýasy, ykdysady, medeni kuwwatyny parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirýär.
Biziň döwletimiz dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy bilen adamzadyň möhüm meseleleriniň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek baradaky tagallalary, parahatçylyk, özara düşünişmek hem-de dostluk ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň bähbidine öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda dostlukly, uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilen adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny kepillendirýän Esasy Kanunymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanmak bilen, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň iň täze taryhy ýazylýar.
Döwlet syýasatynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alnyp, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine beýik işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň netijesinde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy tutuş dünýä üçin daşary syýasy işiň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.
G.MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy.