img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Ýurdumyzda noýabr aýynda birnäçe halkara medeni çäreler guralar

photo

Şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzda Hasyl toýy hem-de halkara medeni çäreler geçiriler.

Aşgabatda Halkara pudaklaýyn sergiler we maslahatlar, şeýle-de ikinji we üçünji ongünlükde Özbegistan Respublikasynyň we Rumyniýanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleri guralar.

Bulardan başga-da noýabr aýynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda döredijilik duşuşyklaryny, maslahatlary, sergileri, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly täze kitaby esasynda meýilleşdirilen çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.