Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.
Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken “Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda” Kararyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynda şol resminamada bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek üçin toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň internet web-saýtynyň taslamasyny işläp düzmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Onuň sahypalarynda degişli habarlar, gaznanyň esasy iş ugurlary, garamagyndaky dükanlaryň salgysy, öndürilýän milli şaý-sepleriň, nyşanlaryň, ýadygärlik sowgatlaryň we beýleki önümleriň görnüşleri baradaky maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Bu saýtda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda müşderilere menzilara hyzmatlary hödürlemek, şol sanda öndürilýän önümlere elektron görnüşde salgyt salmak, milli bank kartlarynyň üsti bilen sanly ulgam arkaly tölegleri kabul etmek meýilleşdirilýär.
Täze saýtyň işe girizilmegi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmekde nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer.
Soňra wise-premýer eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, şu ýylyň dekabr aýy üçin ähli edaralaryň işgärleriniň aýlyk iş hakyny öz wagtynda tölemek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna, ykdysadyýetiň ösüş depginlerini saklamagyň hem-de ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagyň döwlet syýasatynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny sanly ykdysadyýetiň döredilmegini üpjün edýän ösüşiň düýbünden täze derejesine çykarmaga ýardam etjek maksada gönükdirilen çäreleriň görülmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda işiň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekip, wise-premýerlere hem-de welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlerine täze saýty işe girizmek üçin degişli edaralar bilen bilelikde zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, tehniki-ykdysady görkezijileriň durnukly ösüşini gazanmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 1-nji we 2-nji baş peseldiji elektrik beketleriniň durkuny täzelemek boýunça göz öňünde tutulýan işler barada hem hasabat berdi. Munuň özi energiýanyň kuwwatyny peseltmäge hem-de onuň sarp edijilere iberilmegi üçin niýetlenendir.
TNGIZT-niň önümçilik desgalarynyň ygtybarly elektrik üpjünçiligine gönükdirilen bu taslama «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulandyr.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, şol sanda Türkmenistanyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak bilen baglylykda, geljegi has uly pudaklaryň biri bolan nebithimiýa senagatyny has-da döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň möhümdigini nygtady.
Şu babatda milli Liderimiz toplumyň kärhanalaryny tehniki taýdan mundan beýläk-de gaýtadan enjamlaşdyrmak, uglewodorod çig malynyň düýpli, galyndysyz gaýtadan işlenilmegini üpjün edýän netijeli tehnologiýalary, nebit we gazhimiýa önümlerini öndürmegiň innowasion usullaryny ornaşdyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 1-nji we 2-nji baş peseldiji elektrik beketleriniň durkuny täzelemek hakynda” Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew geljek ýylyň oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmak boýunça möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki möhletlere laýyklykda, geljek ýylyň gowaça hasylynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň düýbüni tutmak maksady bilen, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri dowam etdirilýär.
Şol bir wagtda etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda hem-de daýhan birleşiklerinde geljek ýylyň ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýarlamak hem-de talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine oba hojalygyny ösdürmegiň maksatnamalaryny hem-de oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri amala aşyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň, miweleriň öndürilýän mukdaryny has-da artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu işler ilatyň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga ýardam eder.
Şunda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda döwrebap oba hojalyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmaga ýardam edýän öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de iş ýüzünde ulanmagyň möhümdigini aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň esasy wezipeleri barada durup geçmek bilen, welaýatda geçirilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny hem-de anyk netijeleri bermelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýerleri, tehnikalary we enjamlary nobatdaky ekiş möwsümine taýýarlamak, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan durmuş-ykdysady maksatly desgalarda işleriň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň himiýa senagatynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Senagat toplumyny ösdürmek boýunça milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini yzygiderli ýerine ýetirmek maksady bilen, himiýa senagatynda ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrüň talabyna laýyk getirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
Şu ýylyň 29-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini kämilleşdirmek hakynda” kabul eden Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen hem-de “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hünärmenleri “Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakynda” Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarladylar.
Hereket edýän milli kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutýan Düzgünnama ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň hem-de ýerli telekeçileriň himiki önümleri daşary ýurtlardan getirmek, öndürmek we ýerlemek boýunça işlerini guramak üçin has amatly şertleri döretmäge ýardam berer.
Gurluşyk ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer Ş.Durdylyýew şeýle hem tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işleriň aýry-aýry görnüşlerini, şol sanda himiýa önümlerini getirmek, öndürmek we ýerlemek boýunça işleri ygtyýarlylandyrmaga degişli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz görülýän çäreleriň bu pudakda işleri düzgünleşdirmäge hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda barha artýan islegden peýdalanýan, Diýarymyzyň himiýa senagaty tarapyndan öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açyljak desgalarda alnyp barylýan gurluşyk we timarlaýyş işlerini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Nygtalyşy ýaly, gurluşyk işleri zerur bolan ýokary derejede, möhletleri tassyklanan tertibe berk laýyklykda ýerine ýetirilmelidir.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Täze ýyl baýramçylygynyň guramaçylykly geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň doly derejeli durmuşyny üpjün edýän ähli gulluklaryň baýramçylyk günleri nobatçylygyny guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramçylyk günleri ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň takyk, bökdençsiz we sazlaşykly işlemegini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz wise-premýere baýramçylyk günleri halkymyzyň oňaýly dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly anyk tabşyryklary berip, degişli gulluklaryň sazlaşykly işini guramagyň möhümdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine jemagat hojalygy edaralarynyň, tebigy gaz, elektrik we suw üpjünçilik, saglygy goraýyş, jemgyýetçilik ulaglarynyň, dükanlaryň işiniň degişli derejede guralmagy barada tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzda çagalar üçin oýnawaçlary öndürýän kärhanany döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer pudaklary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny köpeltmek, içerki bazary Diýarymyzda öndürilýän daşary ýurtlaryň degişli harytlary bilen üstünlikli bäsleşip bilýän ýokary hilli harytlar bilen doldurmak boýunça hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Hususan-da, geçirilýän çäreleriň hatarynda çagalar üçin oýnawaçlary öndürmegi ýola goýmak boýunça işler hem bar.
Habar berlişi ýaly, birinji tapgyrda Aşgabat şäherinde ýumşak oýnawaçlary öndürmek boýunça öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyryljak kärhanany döretmek göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen birlikde, dünýä tejribesini öwrenmek hem-de hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler dowam eder.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň öňünde öndürilýän önümleri artdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary kemala getirmek, ýerli çig-mal serişdelerini netijeli ulanmagyň esasynda, dürli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek babatda kärhanalary döretmek boýunça möhüm wezipeleriň goýlandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzy senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri we eksporta niýetlenen harytlary öndürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmagyň möhümdigini, onuň hiliň we ekologiýanyň hemme ölçeglerine kybap gelmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu wezipeleriň oýlanyşykly çözülmeginiň özümizde ýokary hilli we elýeter harytlary öndürmegiň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlary azaltmak bilen birlikde, öz harytlarymyzyň görnüşlerini ep-esli giňeltmäge-de mümkinçilik berjekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen dizaýnerleriniň içerki bazarlaryň isleglerini öwrenip, ilatyň isleglerinden ugur alyp, dürli harytlary, şol sanda oýnawaçlary öndürýän täze kärhanalaryň önümçiligini işläp düzmelidiklerini we işe girizmelidiklerini belläp, wise-premýere bu babatda tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda geçiren iş maslahatynyň dowamynda medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyny ösdürmek barada beren görkezmelerine laýyklykda, dürli öwüşginli tele we radiogepleşikler, konsertler, sahna oýunlary hem-de beýleki döredijilik çäreleri taýýarlanylýar, olar Täze ýylyň öň ýanynda we baýramçylyk günleri halka ýetiriler. Täze ýyl baýramy mynasybetli ýaýlyma bermek üçin, medeniýet we sungat ussatlarynyň, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tapawutlanyp, zähmet üstünliklerini gazanýan watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşindäki gutlaglar ýazgy edilýär.
Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri çagalar üçin döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar, olarda çagalaryň söýgüli oýunlaryndan sahnalar hem görkeziler.
Döwlet sirkinde “Täze ýylyň öwüşginleri” atly ajaýyp baýramçylyk şowhuny taýýarlanyldy.
Täze ýyl baýramy mynasybetli, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň arasynda däbe öwrülen teleköpri 31-nji dekabrda “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada arassaçylyk düzgünlerini doly berjaý etmek bilen geçiriler. Dabara baýramçylyk feýerwerki bilen jemlener.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen dabaralaryň we Täze ýyl çäreleriniň ýokary derejede guralmalydygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere hem-de häkimlere anyk görkezmeleri berdi.
Täze ýyl çagalaryň, şeýle hem uly adamlaryň uly sarpa goýýan baýramçylyklarynyň biridir, şonuň üçin oňa bagyşlanan çäreler aýratyn şatlyk-şowhunlylygy bilen tapawutlanmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek hem-de ýurdumyzyň raýatlaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça milli Liderimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan halkara derejedäki iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän döwletine öwrüldi.
Türkmen sportuny goldamak we raýatlaryň saglygyny berkitmek, ýaş nesilleri sporta söýgi ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny döretmek, türkmen milli sportuny dünýä derejesine çykarmagyň ygtybarly hukuk-guramaçylyk we maddy-enjamlaýyn esaslaryny kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy.
Bu resminamanyň esasy maksady bedenterbiýäni we sporty hemmetaraplaýyn goldamak hem-de ösdürmek arkaly, türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekden, raýatlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmegi, ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak üçin olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga şertleri döretmekden hem-de türkmen sportuny dünýäde iň öňdäki orunlara çykarmakdan ybaratdyr.
Wise-premýer degişli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň, daşary ýurtlaryň sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem-de Diýarymyzyň sport ulgamyna öňdebaryjy gazanylanlary we häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmegiň, halkara derejeli türgenleri taýýarlamagyň–şu hem-de ençeme beýleki möhüm wezipeleriň maksatnamanyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenilendigini habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli görnüşlerini, esasan-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň aýratyn ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz sportuň halkymyzyň sazlaşykly ösmegine, beden taýdan berk we ruhy taýdan kämil ýaşlaryň terbiýelenilmegine gönüden-göni ýardam berýändigini nygtap, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmäge degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Abraýly halkara düzümler bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň halkara konwensiýalaryň, şertnamalaryň we beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň 161-sine gatnaşýandygy habar berildi. Şolary amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 2020-nji ýylyň dowamynda halkara guramalaryň Türkmenistanda ýerleşen wekilhanalary bilen bilelikde anyk taslamalaryň 217-si durmuşa geçirildi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hukuk binýadynyň yzygiderli berkidilmeginiň hem-de geljegi uly bolan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň esasy ugurlaryň hatarynda durýandygyny habar bermek bilen, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen teklipleriň birnäçesini hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy (ÝUNESKO) bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmenistan ÝUNESKO-nyň halkara konwensiýalarynyň we köptaraplaýyn şertnamalarynyň 10-syna gatnaşýar. Degişli döwlet edaralary bilen bilelikdäki işleriň amala aşyrylmagy netijesinde, häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň iki sany Konwensiýasyna goşulmak teklip edilýär.
Şolaryň biri 1960-njy ýylda kabul edilen hem-de hökmany başlangyç we orta bilim, hemmelere deň derejede elýeterli ýokary bilim hem-de bilimde mümkinçilikleriň deňligi ýaly esaslary öňe sürýän ýeke-täk halkara resminama bolup durýan «Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek hakynda Konwensiýadyr». Häzirki wagtda bu Konwensiýa dünýäniň 104 döwleti gatnaşýar.
Ikinji resminama 2005-nji ýylda kabul edilen «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakynda Konwensiýa» bolup, onda medeni özboluşlylygyň dürli görnüşlerini gorap saklamak we höweslendirmek, medeniýetleriň özara bähbitli ösmegi hem-de bütin dünýäde giň gerimli hem-de sazlaşykly medeni gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm wezipeler göz öňünde tutuldy. Bu resminama dünýäniň 148 döwleti gatnaşýar.
Ikinjiden, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň Intellektual eýeçiliginiň Bütindünýä guramasy (WIPO) bilen gatnaşyklary ösdürilýär. Şu günki günde, Türkmenistan bu gurama tarapyndan utgaşdyrylýan halkara konwensiýalaryň we köptaraplaýyn resminamalaryň 14-siniň agzasy bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda WIPO guramasy tarapyndan dolandyrylýan, 2000-nji ýylda kabul edilen Patent hukugy hakynda Şertnama ýurdumyzyň goşulmagy teklip edilýär. Bu Şertnama senagat nusgalarynyň we oýlap tapyşlaryň hukuk goragyny üpjün edýän patent resminamany almak üçin gelýän haýyşnamalary çalt we ýeňilleşdirilen görnüşde seljermäge, bellige almaga niýetlenen köptaraplaýyn resminama bolup, halkara derejede patent hukugynyň goragyny üpjün etmegiň netijeli guraly hökmünde çykyş edýär.
Üçünjiden, ynsanperwer ugurda işleýän ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň arasynda Halkara Zähmet Guramasy (ILO) bilen alnyp barylýan gatnaşyklary aýratyn nygtamak gerek diýip, wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi. Häzirki wagtda Türkmenistan bu gurama tarapyndan utgaşdyrylýan köptaraplaýyn resminamalaryň 10-synyň agzasydyr.
Bu babatda ýurdumyzyň Halkara Zähmet Guramasynyň çäklerinde 1964-nji ýylda kabul edilen «Iş üpjünçilik syýasaty barada» 122-nji konwensiýa goşulmagy teklip edilýär. Häzirki wagtda bu Konwensiýa dünýäniň 148 döwleti gatnaşyjy bolup çykyş edýär.
Bu halkara resminama ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, zähmet bazarlaryndaky işçi güýjüne bolan islegiň we teklibiň deňagramly saklanylmagyna, zähmet gorlarynyň netijeli dolandyrylmagyna we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermegi maksat edinýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarly ýurt hökmünde döwletimiziň halkara gatnaşyklaryny “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda guraýandygyny belledi. Köptaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek şol resminamada esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.
Dünýäniň ýurtlary hem-de abraýly halkara düzümleri, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary — ÝUNESKO, WIPO, HZG we beýlekiler bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen bu işler daşary syýasatda we häzirki döwrüň ýagdaýlarynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny nazara almak bilen amala aşyrylmalydyr.
Bu işde ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyna uly orun degişlidir diýip, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna beýan edilen teklipleri Mejlis bilen ara alyp maslahatlaşmagy hem-de bellenilen meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan harby özgertmelerini amal etmegiň barşy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek wezipeleri hasabatyň esasyny düzdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine we maksatlaryna üýtgewsiz eýerýändigini belledi. Bu doktrina halkara bileleşik tarapyndan berlen Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolan berkarar Watanymyzyň howpsuzlygynyň hem-de serhetleriniň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegini ugur edinýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ähli bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi serkerdeleriň hünär ussatlygyna hem-de hukuk taýýarlyk derejesine, eserdeňligine, döwrebap tehniki serişdelere we tehnologiýalara erk etmek endiklerine baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň şu günlerde alyp barýan kanunçykaryjylyk işleri barada maglumat berdi.
Häzir ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler nazara alnyp hem-de halkara kanunçykaryjylyk tejribesiniň öwrenilmeginiň esasynda, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, ýer gatnaşyklary, bilim, ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän birnäçe täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady syýasatynyň kanunçylyk-hukuk binýady häzirki döwrebap ýagdaýa laýyklykda ösdürilýär, ozal kabul edilen kanunçylyk resminamalary kämilleşdirilýär.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlaryny geçirmek we Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen baglanyşykly “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan degişli kanunçylyk namalaryna seljerme işleri geçirilip, kadalaşdyryjy-hukuk namalary taýýarlanylýar.
Mejlisiň deputatlary BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň, Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Halkara-migrasiýa guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Ilat gaznasynyň guramagynda onlaýn duşuşyklara hem-de maslahatlara gatnaşdylar.
Şeýle hem Mejlis Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen birinji duşuşygyna wekilçilik etdi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA-nyň döwletleri boýunça wekilhanasynyň başlangyjy esasynda geçirilen duşuşygyň maksady parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi gazanmak üçin köptaraplaýyn gatnaşyklarda zenanlaryň ornunyň ähmiýetini sebit derejesinde pugtalandyrmakdan ybarat boldy.
Mejlisiň deputatlary ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň ähmiýetini hem-de kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň mazmunyny düşündirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.
Döwlet Baştutanymyz döwletiň hukuk esaslaryny, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunyň hemme zatdan ýokarda tutulmagyny berkitmek boýunça Türkmenistanyň amala aşyrýan ýörelgesi bilen baglylykda, işlenip taýýarlanylýan kanunçylyk resminamalarynyň ähmiýetini belläp, bu işleri ýurdumyzyň häzirki zaman tapgyrdaky ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny pugta göz öňünde tutup geçirmegiň zerurdygyny nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşyga Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewi hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz olara hem-de wise-premýerlere ýüzlenip, dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen topragy tebigy serişdelere örän baýdyr. Bu baýlyklar, elbetde, gazylyp alynýan peýdaly magdanlar, ozaly bilen bolsa uglewodorod serişdeleri, ýagny tebigy gaz, nebit, şeýle hem mineral serişdelerdir.
Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi ünsi aýratyn özüne çekýär. Biziň çölümizde-sähramyzda dürli ot-çöpler näçe diýseň bar. Bu bolsa maldarçylygy ösdürmäge-de amatly şertleri döredýär. Derýalarymyzyň jülgelerinde hem, daglarymyzda hem köp sanly täsin we peýdaly ösümlikler ösýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Müňýyllyklaryň dowamynda adamlar Zeminiň bu baýlyklaryny diňe bir iýmit däl-de, eýsem öt-çöpleriň we miweleriň köp görnüşlerini derman hökmünde hem ulanypdyrlar. Siziň bilşiňiz ýaly, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabymyň 12 jildi neşir edildi, emma men bu işiň soňuna ýetip bilemok. Sebäbi, «ýaşyl dermanhananyň» mümkinçiligi asla egsilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Parasatly ata-babalarymyzdan dertlere garşy netijeli ulanylan, şypa beriji dürli melhem otlar hem bize miras galdy. Häzirki lukmançylyk ylmy bolsa bu ösümlikleriň birwagtlar ýönekeý usullarda anyklanan gymmatly häsiýetleriniň bardygyny tassyklaýar. Diňe tassyklamak hem däl, olary öwrenmek we netijeli ulanmak üçin giň mümkinçilikleri-de açýar.
Men alym we lukman hökmünde dermanlyk ösümliklere ylmy taýdan, bilip çemeleşmegi ündeýärin. Biziň köp sanly dermanlyk otlarymyz bolsa, şu nukdaýnazardan, heniz doly öwrenilenok diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, özüniň bu işlere saglygy goraýyş ministri bolup işleýärkä başlandygyny belledi. Şol döwürde biz buýan köküni gaýtadan işleýän zawody gurduk, oňa ýer hem berdik. Bu kärhana süýji buýany ösdürip ýetişdirýärdi. Halk dermançylygy esasynda, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, şondan bejeriş-öňüni alyş serişdesini taýýarlaýan önümçiligi hem döretdik. II arasynda «süýji buýan» ady bilen belli bolan bu dermanlyk ösümligiň ýurdumyzda 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Buýan köki ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onkibarmak içegäniň kesellerini bejermekde ir wagtlardan bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýär.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň derman serişdeleriniň ýygyndysyndaky sanawda bu ösümlik 1-nji bäşlikde durýar. Süýji buýanyň düzüminde 23 göterime çenli glisirrizin turşusy bar. Glisirrizin turşusynyň esasynda allergiýany, sowuklamany, bronh demgysmasyny, süýjüli başy (ekzemany) bejermekde we wiruslara garşy ulanylýan dermanlar taýýarlanýar.
Onuň adamyň kesellere garşy immun durnuklylygyny berkidýändigi hem anyklanyldy. Öňler buýany süýji hökmünde çaýa hem goşardylar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, soňky maglumatlara görä, süýji buýanyň ähmiýeti boýunça dermanlyk ösümlikleriň arasynda birinji ýerde durýandygyny mysal getirdi. Häzirki döwürde bu ösümlik 350-den gowrak derman serişdesiniň düzümine goşulýar.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň jiltleriniň birinde buýan köküniň häsiýetini, biologik aýratynlyklaryny we himiki düzümini beýan edendigini aýtdy. Buýan köküni ata-babalarymyz dürli dertlerde, ozaly bilen, üsgülewükde, ýokarky dem alyş ýollarynyň kesellerinde netijeli ulanypdyrlar.
Alymlar bu ösümlikdäki işjeň madda bolan glisirrizin turşusynyň häzirki döwürde bütin dünýä bolup garşysyna göreşilýän täze koronawirus pandemiýa ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni alýandygyny belleýärler. Buýan köküniň şiresiniň az mukdary hem bu ýokanjy ýok etmekde gowy peýda berýär. Bu bolsa glisirrizin turşusynyň ýokançlara garşy täsirini düýpli öwrenmegiň zerurdygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň çäklerine täze koronawirus ýokanjynyň getirilmegine ýol bermezlik üçin öz wagtynda ähli zerur çäreler görüldi. Bu howply keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, diňe serhetde däl, ýurdumyzyň içinde hem bellenilen çäreler dowam edilýär. Ýurdumyzda agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni we beýleki profilaktiki çäreler girizildi. Sebäbi häzir dünýäde pandemiýa bilen bagly örän howsalaly ýagdaý dowam edýär. Şoňa görä-de, ähli ýurtlaryň alymlary bu howply ýokanja garşy netijeli serişdeleri gözläp, köp sanly barlaglary geçirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şu meselede buýan köküniň şol serişdeleriň biri bolup biljekdigini belledi.
Bu bolsa türkmen we daşary ýurtly lukman hünärmenleriň bilelikde işlemegi üçin mümkinçilik açýar. Çünki bu serişdäni ulanmagyň oňat tejribesi toplanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de derman serişdelerini öndürmek üçin Türkmenistanda süýji buýan gorlarynyň ýeterlikdigini nygtady.
Milli Liderimiz onuň, elbetde, Ýer ýüzüniň köp ýerlerinde ösýändigini, ýöne türkmen buýanynyň has gymmatly serişde hasaplanylýandygyny belledi. Sebäbi biziň amatly howa şertlerimiz bu ösümlikde köp sanly peýdaly maddalaryň toplanmagy üçin şert döredýär. Türkmenistanyň çäklerinde müňýyllyklaryň dowamynda çölüň kyn tebigy şertlerine garşy durýan örän gowy ekoulgam emele geldi. Şeýle şertlere ösümlikler ýuwaş-ýuwaşdan uýgunlaşyp we yzgaryny saklap, ynsan üçin ähmiýetli bolan beýleki maddalary hem özünde jemläpdir. Sebäbi biziň topragymyzda azyk önümlerini öndürmek üçin hem, sagdyn durmuşda ýaşamak üçin hem ähli zerur şertler bar.
Milli Liderimiz buýan köki ýetişenden soň, kesim görnüşde bölünip, şiresiniň taýýarlanylýandygyny ýatlatdy hem-de buýan köküniň goýy ekstraktynyň, buýanyň süýri däneleriniň, buýan köküniň hem çaý bilen içer ýaly gaplara gaplanylýandygyny belledi.
Buýan köki lukmanlaryň nesihaty boýunça ulanylsa dogry bolardy. Garaz, biz tebigy baýlyklarymyz bolan ösümliklerimizi adamlaryň saglygy üçin doly derejede peýdalanmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemledi.
Döwlet Baştutanymyz aýdanlaryny umumylaşdyryp, Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysyna bu meseläni mundan beýläk-de ylmy tarapdan düýpli öwrenmegi, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine bolsa işläp gelýän dermanhanalary döwrebaplaşdyrmagy we täzelerini gurmagy tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki möhüm meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.