KHBS üçin habar

2017-nji ýylyň 10-11-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde BMG-niň howandarlygy astynda geçirilen Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça «Merkezi Aziýa: bir geçmiş we umumy geljek, durnukly ösüşiň we özara gülläp ösmegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygynyň işine gatnaşdy.

Agzalan halkara maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-pezidenti hanym Federiko Mogerini bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Abdyldaýew, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri K.Abdrahmanow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Rabbani bilen duşuşyklary boldy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelmegiň we pugtalandyrmagyň, şeýle hem Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda durnuklylygy we howpsuzlygy üpjýn etmegiň meselelerine aýratyn üns berdiler.

Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ýokary derejedäki halkara maslahatynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň – Özbegistanyň – Gazagystanyň döwlet serhetleriniň kesişýan nokatlary boýunça ylalaşyga, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2018-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna, şeýle hem Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklaýyş hatlaryny alyşmak baradaky Teswirnama gol çekildi.