METBUGAT-RELIZI TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA: DOSTLUGY HEM-DE ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ ÝOLUNDA

2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň paýtagtyna iş saparyny amala aşyrdy, onuň barşynda Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan administratiw we durmuş maksatly desgalaryň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň uzak ýyllaryň dowamynda «Bouygues Batiment International» kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklaýandygyny bellemek zerurdyr, kompaniýa öz nobatynda administratiw, medeni we sport maksatly dürli desgalaryň gurluşygyny durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistanyň täze binagärlik keşbiniň kemala getirilmegine özüniň saldamly goşandyny goşdy.

Bu hem-de beýleki birnäçe fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň Fransuz Respublikasy bilen ysnyşykly gatnaşyklarynyň özboluşly beýany bolup durýandyr. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýarlar.

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýollan hatynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly we birek-birege ynanyşmak häsiýetine eýegidini belledi hem-de hyzmatdaşlygyň giň ugry boýunça, hususan-da söwda-ykdysady, bilim, ylmy-barlag we medeniýet ulgamlaryndaky özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna ygrarlylygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gurallary arkaly yzygiderli pugtalandyrylýar. 2010-njy ýylyň martynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz topary döredildi, onuň çäklerinde iki ýurduň wekilleri anyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi arkaly ykdysady, maliýe, söwda we senagat, ylmy hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine seredýärler.

Iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde 2012-nji ýylda Fransiýada döredilen «Fransiýa-Türkmenistan» Söwda edarasy hem möhüm ähmiýete eýedir. 2013-nji ýylyň martynda Fransiýanyň Daşary işler ministri Loran Fabiusyň Aşgabada bolan saparynyň çäklerinde gol çekilen Hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de «Fransiýa-Türkmenistan» Söwda edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny düzýändir.

Fransuz kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly isleg bildirilýärler, ol bolsa özüniň hemmetaraplaýyn ösüşiniň hem-de özgermesiniň barşynda köpsanly ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny hut şol kompaniýalara ynandy.    

Türkmenistanyň çägindäki köpsanly desgalar «Bouygues» we «Vinci Сonstruction» kompaniýalary tarapyndan guruldy. Türkmenistanyň ilkinji milli aragatnaşyk hemrasy bolan “Türkmen Älem 52,0 E” döredilmegi we älem giňişligine göýberilmegi «Thales Alenia Space» fransuz kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy.

«Cifal», «Eurocopter» («EADS»), «Airbus», «Schlumberger», «Dresser-Rand» we beýleki öňdebaryjy fransuz kompaniýalary bilen ulag, aragatnaşyk hem-de kommunikasiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk netijeli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem özünde ýüzlerçe fransuz kompaniýalaryny jemleýän «MEDEF Internasional» fransuz kärhanalarynyň Assosiasiýasy bilen hem alnyp barylýan hyzmatdaşlygy aýratyn bellemek zerurdyr. 

Mundan başga-da, Türkmenistan we Fransiýa bilim hem-de ylmy-barlaglar ulgamyndaky taslamalara aýratyn üns bermek bilen, medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklarynyny hem sazlaşykly ösdürýärler. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň 2015-nji ýylyň iýulynda Fransiýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň we Fransuz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet merkezleriniň işi hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Bu ylalaşyk Türkmenistanda hem-de Fransiýada medeni-bilim edaralarynyň işi üçin hukuk binýadyny döredýär.

Bu ugurda Türkmenistanda fransuz diliniň öwrenilmegine we okadylmagyna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Fransiýanyň Ilçihanasynyň ýanyndaky «Fransuz Institutynyň» işi hem görnetin işjeňleşdirildi. Ilkibaşda ol Aşgabatda «Žýul Werniň medeniýet merkezi» ady bilen fransuz merkezi hökmünde açyldy, häzirki wagtda bolsa ol Türkmenistandaky «Fransuz Institutynyň» derejesinde Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna fransuz dilini öwretmegini dowam edýär.  

Häzirki wagtda fransuz dili Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, şeýle-de ýurduň umumy bilim berýän birnäçe orta mekdeplerinde okadylýar. Şonuň ýaly-da fransuz dili mugallymlarynyň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy boýunça 2021-nji ýylyň fewral aýyndan iýun aýy aralygynda onlaýn okuwlaryň guralmagy hem meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda fransuz diliniň ýaýbaňlandyrylmagyna «Campus France» (Fransiýada ýokary bilim almak meseleleri boýunça Fransuz döwlet maglumat merkezi) we «Alliance Française» (Bilim, dil we medeniýet hem-de daşary ýurtlarda fransuz diliniň ýaýradylmagy ulgamynda hyzmatdaşlyk) ýaly guramalar özleriniň saldamly goşandyny goşdular. Fransiýanyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň arasyndaky medeniýet, bilim, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşygyň çäklerinde iki ýurduň ylym-bilim institutlarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.  

Her ýyl bilelikdäki çäreleriň, «Frankofoniýa baýramçylygynyň» we «Fransuz diliniň hem-de Frankofoniýa Hepdeliginiň» yzygiderli geçirilmegi hem iki ýurduň medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi 1994-nji ýyldan başlap fransuz arheologlary bilen hem ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýdy. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmen-fransuz arheologiki topary (MAFTUR) döredildi, ol bolsa 2001-nji ýylda bäri Kaka etrabynyň Ulug-depe sebitinde gazuw-agtaryş işlerini geçirýär. Bu arheologiki ýadygärligiň medeni gatlaklarynyň öwrenilmegi hem-de bilelikdäki konserwasiýa-durkuny täzeleýiş işleri hem dowam edilýär. 

Fransuz Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Žan-Batist Lemuanyň Aşgabada bolan saparynyň çäklerinde özboluşly taryhy tapyndylaryň ýörite sergisi geçirildi. Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan Parižde Luwr muzeýinde Ulug-depäniň taryhy tapyndylarynyň sergisini guramak meselesi boýunça fransuz tarapy bilen gepleşikleriniň geçirilýändigini hem bellemek zerurdyr. 

Türkmen-fransuz gatnaşyklary dostlugyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna yzygiderli pugtalandyrylýar.