TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERINIŇ DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Prezidentler iki ýurduň we halkyň arasynda özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine, şeýle-de taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Döwlet baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hazar deňzi boýunça özara hereket etmegiň türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugruny emele getirýändigi bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň awgustynda gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Bu resminama Hazar deňzinde köptaraplaýyn özara hereketleriň we şol sanda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başynyň başlanmagynyň netijesi boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň awgustynda Azerbaýjan Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtanama gol çekilendigini bellemek zerurdyr. Bu resminama iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň has hem ilerledilmegine itergi berdi.
Şeýle hem sebit we halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezidentler ýurtlaryň ikisiniň hem ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýändiklerini belläp geçdiler.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň halkara parahatçylygynyň we durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň ençemesini goldandygy babatynda minnetdarlyk sözlerini beýan etdi, şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň Goşulyşmazlyk Hereketinde başlyklyk etmeginiň önjeýliligini belläp geçdi. 2019-njy ýylyň oktýabrynda türkmen tarapynyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň Sammitiniň barşynda beýan eden adalatly we aýdyň ýörelgelere, energiýa çeşmeleriniň we olary ibermek serişdeleriniň deňhukukly elýeterliligine, energiýa serişdelerini iberijileriň, alyjylaryň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini hasaba almaga hem-de ykrar etmäge esaslanýan energiýa howpsuzlygynyň ählumumy ulgamynyň kemala getirilmegi babatynda Türkmenistanyň berk nukdaýnazary ýene-de bir gezek tassyklanyldy.
Döwlet Baştutanlary iki ýurduň we halkyň bähbidine gönükdirilen türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny beýan etdiler.
Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramow hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri esasynda, daşary syýasy edaralaryň ýolbaşçylary Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: «Bu resminama biziň ýurtlarymyz tarapyndan energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna, iki sany iri energetika döwletleriniň ägirt uly özara mümkinçilikleriniň giňden açylmagyna, Hazar deňzinde durnukly energetikanyň ösdürilmegi üçin iň oňyn şertleriň döredilmegine, giň gerimli we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylan ähmiýetli işleriň netijesi boldy», diýip belläp geçdi.
Prezidentler iki döwletiň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny has hem giňeltmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli resminama gol çekilmegi mynasybetli birek-biregi gutladylar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzindäki bu uglewodorod käniniň «Dostluk» diýlip atlandyrylmagynyň bilelikdäki çözgüt bolup durýandygyny belledi. Bu söz türkmen we azerbaýjan dillerinden terjime edilende – dostluk diýmegi aňladýar.