AŞGABATDA «TÜRKMENISTAN WE BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY: PARAHATÇYLYGY WE YNANYŞMAGY GAZANMAGYŇ UGRUNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Birleşen Milletler Guramasynyň mundan 29 ýyl ozal, ýagny 1992-nji ýylyň 2-nji martynda taryhy Kararnamany kabul edendigini, oňa laýyklykda Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolandygyny belledi. Bu döwrüň içinde Türkmenistan «açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek bilen, bu abraýly halkara guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürýär.
Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň özara hereketleriniň esasy ugurlary strategiki häsiýete eýe bolup durýandyr. Şunlukda, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyna eýe boldy, ol bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen eýýäm iki gezek berkidildi. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur almak bilen, Türkmenistan ençeme gezek ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Bu ugurda Aşgabadyň BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýerine öwrülendigi aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Hökümeti ýurtda BMG-niň ulgamynyň geriminiň giňledilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýändir. Şunlukda, şu ýylyň fewralynda Aşgabatda BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň wekilhanasyny açmak barada ylalaşyk gazanyldy. Şonuň ýaly-da, 2021-nji ýylyň fewralyndan BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň maksatnama boýunça hünärmeni Türkmenistanda işe başlady.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň BMG-niň platformasyndaky özara hereketleri ýurduň durmuşynyň dürli ulgamlaryny öz içine alýandyr. Bu bolsa Türkmenistanyň BMG-niň 11 sany geňeşlerine, komissiýalaryna we komitetlerine agzalygy bilen şertlendirilendir. Ýurdumyz şeýle-de Guramanyň beýleki düzümlerine hem öz kandidaturasyny işjeň ilerledýär.
2020-nji ýylyň 14-nji martynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek ugrunda, Türkmenistan BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy, ÝUNESKO, ÝUNISEF, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy hem-de BMG-niň ulgamynyň beýleki düzüm birlikleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyny ilerledýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri şeýle-de BMG-niň Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen agentlikleriniň wekilhanalaryna Türkmenistanyň we tutuş BMG-niň ulgamynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan saldamly goşantlary, şol sanda milli meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň işlenilip düzülmegine hem-de durmuşa ornaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Maslahata gatnaşyjylar şeýle-de BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň (UNOPS) ýerine ýetiriji direktory G.Faremonyň, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewanyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Sebitleýin edarasynyň Direktory W.Gusunyň, BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça Direktory J.Walezeniň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň Başlygynyň w.w.ý.ý. T.Atatranyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili H.F.Şodderiň sanly wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlaryny diňlediler.
Şonuň ýaly-da maslahatda BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy N.Germanyň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň w.w.ý.ý., ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili K.Weýgandyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär kätibi Ç.Rüstemowanyň çykyşlary diňlenildi.
Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň parahatçylyk, durnuklylyk we durnukly ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlylygy bellenildi. Şeýle-de Döwlet ýolbaşçysynyň dünýä ýurtlarynyň hem-de halklarynyň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek medeniýetiniň pugtalandyrylmagy babatyndaky tagallalary aýratyn nygtaldy.
Soňra Türkmenistanyň Çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly maslahatyna gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme kabul edildi.