IKINJI BÖLÜM TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATYNYŇ HALKARA GATNAŞYKLARYNDAKY ORNY BARADAKY BILIMI ARTDYRDY

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumyň çäklerinde, sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara gatnaşyklaryndaky orny” atly ikinji bölümiň mejlisi geçirildi. 

Mejlise türkmen we daşary ýurt alymlary, taryhçylary we filologlary, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professorlary, şeýle-de ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň direktory B.Bäşimow başlyklyk etdi.

Özüniň wideoçykyşynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor H. Alişina Günbatar Sibiriň çäginde türk taýpalarynyň köp asyrlyk lingwistik aragatnaşyklary, hususan-da, gadymy taýpalaryň arasyndaky gatnaşyklary aýdyň görkezýän Sibir tatarlarynyň Tobol-Irtyş şiwesiniň türkmen dili bilen meňzeşligi barada aýdyp berdi.

Forumyň ikinji bölüminde çykyş edenler dünýä jemgyýetçiliginiň halkara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan parahatsöýüjilik we ynanyşmak syýasatynyň ornuna, onuň sebitdäki we dünýädäki syýasy hadysalara ýetirýän oňy täsirine bolan uly hormaty hakynda hem gürrüň berdiler. Döwlet baştutanymyzyň bular ýaly syýasatynyň sebitdäki syýasy durnuklylygyň özeni bolup durýandygy hem-de ýurdumyzyň beýleki ýurtlaryň içerki syýasatyna goşulmazlygynyň, bitaraplyk syýasatynyň onuň sebitdäki we tutuş dünýädäki syýasy, ykdysady abraýyny artdyrýandygy barada bellenip geçildi.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän Owganystan, Eýran, Özbegistan we beýleki ýurtlaryň merkezinde ýerleşmek bilen, Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygy we gülläp ösüşi öňe sürmäge ýardam edip, ählumumy derejede uly abraýa eýe bolýan döwlet hökmünde çykyş edýändigi barada bellenildi. BMG-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmeginde Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça ilkinji sebitleýin merkezi döredendigi barada aýratyn nygtaldy.