Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Baştutanyna awtobus ýangynynda heläk bolanlar zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Gazagystan Respublikasynyň Aktobe welaýatynda ýolagçy awtobusynyň heläkçilikli ýanmagy netijesinde, Özbegistanyň köpsanly raýatlarynyň gurban bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Ýurduňyzyň köpsanly raýatlarynyň gurban bolandygy baradaky habary çuňňur gynanç we hasrat bilen kabul etdim” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda aýdylýar. Milli Liderimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny bildirdi hem-de ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.