RSS

SOŇKY HABARLAR

23 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DIM-LERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, Saud Arabystanynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Walid Abdulkarim El-Hereýji ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny we möhüm...

DOWAMY
23 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DOKMA ÖNÜMLERI SEULUŇ “2022-IMPORT HARYTLARYŇ SERGISINDE” GÖRKEZILDI

Şu gün, 23-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilýän “2022-Import harytlaryň sergisiniň” açylyş dabarasy boldy. Bu abraýly çärede Türkmenistan hem ilkinji gezek özüniň dokma senagatynyň kuwwatyny görkezýär. Sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň ekologiýa taýdan arassa dokma önümlerini, hususan-da, «Nusaý», «Gala», «Goza», «Merw», «Bedew» ýaly haryt-nyşanly ýokary hilli egin-eşikleriň, trikotažyň, jinsiniň, keteniniň, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri görkezilýär....

DOWAMY
23 Iýun

TÜRKMENISTAN ÝER TITREME HELÄKÇILIGINE UÇRAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERER

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen duşuşygy geçirildi. Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Owgan diplomatyna ýüzlenip Türkmenistanda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolan heläkçilikli ýer titreme baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini belledi hem-de bu ýurduň halkyna gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. DIM-ni...

DOWAMY
21 Iýun

TÜRKMENISTAN WE BMG-NIŇ ÝANYNDAKY ULAG DIPLOMATIÝASYNYŇ HALKARA MERKEZI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebitiň we ýurduň ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek ýoly arkaly ýurtlaryň arasyndaky özarabaglanyşygyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistan...

DOWAMY
21 Iýun

WENADA TÜRKMENISTAN - ÝHHG ULAG WE LOGISTIKA ÖSÜŞI ULGAMYNDA TEMA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda Wena şäherinde "Türkmenistan - ÝHHG: transport we logistika ösüş ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlyk" ady bilen onlaýn  formatda sebitleýin maslahat geçirildi. Bu maslahat, Türkmenistanyň ÝHHG-nyň ýanyndaky wekiliýeti tarapyndan ÝHHG-nyň ykdysady we daşky gurşaw işleri boýunça edarasy we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde gurnaldy. Agzalan çäräniň işine ÝHHG-nyň ýurtlarynyň wekiliýetleri, hususy pudagyň wekilleri, akademiýalaryň, BMG-nyň we beýleki degiş...

DOWAMY
21 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝYŇ MILLI NEBITGAZ KORPORASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi.  “CNPC-niň” ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Açyk gapy...

DOWAMY
17 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ALMATYDA DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN SAMMITIŇ IŞINE GATNAŞÝAR

2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Almaty şäherinde «COVID-den azat - Merkezi Aziýada adalatly dikeldiş ýolunda» atly tema bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ikinji sebitleýin Sammit öz işine başlady. Sammit Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Gazagystanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hyzmatdaşlygynda Ýewropa Bileleşiginiň we Aziýa ösüş bankynyň maliýe goldaw bermeginde gurnaldy. Sammitiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Muhammed...

DOWAMY