RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Mar

Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy

2024-nji ýylyň 27-nji martynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Baky ş.) Kristofer Alberto Martines Berroteran bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatlarynyň nusgasyny kabul etdi. A.Gurbanow Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny aýtdy. Soňra taraplar döwleta...

DOWAMY
pic
27 Mar

Türkmenistanyň DIM-nde Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistan bilen Sebit merkeziniň bilelikdäki işleriniň dürli taraplary seljerildi. Türkmenistan bilen BMG-niň Sebit merkeziniň...

DOWAMY
pic
25 Mar

Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen-özbek gepleşiklerine mahsus bolan dostluk we özara düşünişmek şertlerinde taraplar syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ýaly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça netijeli gepleşikleri geçirdiler we özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselele...

DOWAMY
pic
25 Mar

Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Krasnogorsk şäherinde terrorçylyk zerarly wepat bolanlaryň ýadygärligini hatyralady

2024-nji ýylyň 24-nji martynda, ýekşenbe güni, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasyna bardy. Ol ýerde Podmoskowýeniň Krasnogorsk şäherindäki «Crocus City Hall» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç çäreleri geçirilýär. Ilçihananyň kabul ediş otagynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrandan soň, R.Mer...

DOWAMY
pic
23 Mar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi barada

2024-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhammedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenkonyň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri düýn Moskwa oblastynda bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly ýagdaý bilen baglanyşykly öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan tüýs ýürekden gynanç...

DOWAMY
pic
23 Mar

Türkmenistanyň DIM-niň beýanaty

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäheriniň “Crocus City Hall” konsertler merkezinde bolup geçen terrorçylyk hereketlerini berk ýazgarma bilen çykyş edýär. Merhum bolan adamlaryň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanjymyzy hem-de goldawymyzy bildirýäris. Ejir çekenleriň ählisine tiz sagalmaklaryny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

DOWAMY
pic
21 Mar

Rimde halkara guramalarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň Prezidenti Alwaro Lario bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.   Şol gün türkmen wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary Maurisio Martina bilen duşuşygy geçirild...

DOWAMY