SOŇKY HABARLAR
Özbegistanda Türkmenistanyň möhüm hökümet we döwlet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä Özbegistan Respublikasynyň Türkmen medeniýet merkeziniň başlygy, bu ýurduň türkmen diasporasynyň wekilleri we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdy. Brifingde Türkmenistanyň...
Bank ulgamynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçisi Ş.Meredowyň Özbegistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary B.Abubakirow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda söwda we ykdysady ugurda türkmen-özbek özara gatnaşyklarynyň oňyn depgine eýedigi bellenilip geçildi. Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky bankara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň banklarynyň arasynd...
Pakistanyň Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
Şu gün, 2024-nji ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň, Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Irfan Ahmet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ministriň orunbasary türkmen-pakistan dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge goşan goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi we bu wezipede işlän döwründe ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyn...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan bu çärä ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysad...
Tähran şäherinde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary A.Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň orunbasary Alireza Bikde...
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky täze sany çapdan çykdy
Žurnalyň täze sany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyran daşary ýurt saparlary we gepleşikleri, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagy, Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan resmi saparyny, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň sammitine, BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna we GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna...
Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçisiniň “Özbegistan Respublikasynyň haryt – çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýetinde duşuşygy
2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow bilen “Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary N.Samatowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmak we söwda dolanyşygyny artdyrm...