RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Ýan

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2024-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereketde, pida bolanlaryň maşgalalaryna we dostlaryna duýgudaşlyk hem-de goldaw sözlerini aýtdy we ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi....

DOWAMY
pic
4 Ýan

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen kararnamalary BMG-niň web sahypasynda çap edildi

2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy 78-nji mejlisiň 48-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen iki kararnamany kabul etdi - "Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek" we "Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny". Ulag baradaky kararnama 47 döwlet we energetika birikmesi baradaky kararnama 38 ýurt awtordaş bolup çykyş etdiler. Ulag pudagyndaky hyzm...

DOWAMY
pic
23 Noý

Türkmenistanyň Ilçisiniň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Kanunçykaryjylyk Palatasynyň Spikeri bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow Özbegstan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Kanunçykaryjylyk Palatasynyň Spikeri Nuriddin Ismoilow bilen gepleşikler geçirdi. Taraplar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary babatynda pikir alyşdylar. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns bermek bilen, hereket edýän türkmen-özbek parlamentara dostluk toparl...

DOWAMY
pic
22 Noý

Türkmenistanyň Ilçisiniň Özbegistanyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşygy barada

2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçisi Ş.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda emele gelen oňyn we birek-birege ynanyşmak dialogyň netijesinde döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer häsiýetli ugurlar boýunça özara pikir alyşyldy. Türkmen-özb...

DOWAMY
pic
18 Noý

Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi öz işini tamamlady

2023-nji ýylyň 17-18-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Toparyň başlyklary - Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça özara bähbitl...

DOWAMY
pic
18 Noý

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň başlyklarynyň duşuşygy barada

2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetleriniň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň başlyklary R.Meredow bilen M.Bazrpaşanyň ýolbaşçylygynda duşuşyk geçirildi. Ministrler iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çalt depginli we yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Duşuşykda söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, şu günler Aşgabatda...

DOWAMY
pic
18 Noý

Aşgabatda türkmen-eýran işewürlik forumy geçirildi

2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet we hususy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik forumy geçirildi. Forumyň işine Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary - Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar bu çäräniň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we logistika ýaly...

DOWAMY