SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap” atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan bu çärä ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdy....
LIWIÝANYŇ ÝAŞLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Liwiýanyň ýaşlaryň işleri boýunça ministri Fatalla Elzuni bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda, ýaşlar syýasaty ugrundaky gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny nygtadylar. Türkmenistanyň we Liwiýanyň arasynda ylym-bilim, sport ulgamynda gatnaşyklary ilerletmek, iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda dürli forumlary we çäreleri...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI АZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat Türkmen döwletiniň Baştutanyna Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we Azerbaýjanyň iki goňşy ýurduň hem-de halkyň bähbidine laýyk gelýän däp bolan döwletara dialoga ygrarlydygyny tassyklaýan sözlerini ýetirdi. Ilçi Prezident Serda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJANYŇ YKDYSADYÝET MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Myhman Türkmen döwletiniň Baştutanyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Mikail Jabbarow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady. Türkmenistan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «KAWASAKI HEAVY INDUSTRIES LTD.» KOMPANIÝASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýapon kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabeni kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy hem-de ýurdumyzyň baş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we ähli türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, s...
BÜTINDÜNÝÄ GÜMRÜK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi we mundan beýläk amala aşyryljak hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. R.Meredow Bütindünýä gümrük guramasy bilen hyzmatdaşlygyň gümrük işini kämilleşdi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Russiýanyň iri sebitleriniň biriniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy doglan güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem I.Babuşkin Türkmenistana gelmäge örän şatdygyny belläp, Astrahan oblasty bilen Türkmenistany ozaldan gelýän dostluk hem-de dürli ugurlar boýunça ösdürilýän n...