SOŇKY HABARLAR
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ÝUNESKO-nyň işleri barada jogapkär agzalary, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Mahmud Abbasyň salamyny we Palestina gelmek baradaky çakylygyny hem-de ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pales...
TÜRKMENISTANDA DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA MILLI IŞ TOPARYNYŇ TEGELEK STOLUNYŇ BILELIKDÄKI MEJLISI
2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň tegelek stolunyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň Aşgabatdaky edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Duşuşygy açmak bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet...
TÜRKMENISTANYŇ WE PALESTINA DÖWLETINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa, düýn biziň ýurdumyza sapar bilen gelen Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan Palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda Palestinanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan alnyp barylýan içerki we daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berildi, onuň iň möhüm ugry dünýä parahatçylygynyň...
TÜRKMENISTANYŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Meredow Özbegistannyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Özbegistanyň Daşary işler ministri Ilçini wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek boýunça alyp barjak işinde özbek tarapynyň goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Tü...
TÜRKMENISTAN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PRIMORSKIÝ SEBITINE YNSANPERWER KÖMEGI IBERDI
Oňyn goňşuçylyk gatnaşyklaryna, türkmen halkynyň ynsanperwer däplerine we ýörelgelerine esaslanyp, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý sebitinde bolup geçen tebigy betbagtçylyklary göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurduň Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşigine, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny bilen bilelikde degişli...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy. Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabatda ýene-de bolup görýändigine şatdygyny belledi we türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbini özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň geri...