SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada Jarnama
Mundan beýläk Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy, Dostluk, hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 1996-njy ýylyň 16-njy ýanwaryndaky Şertnamada hem-de Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 2017-nji ýylyň 6-njy martyndaky Şertnamada esaslandyrylan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň binýatlyk ýörelgelerini goldanyp, häzirki döwürde pugtalanýan türkmen-özbek strate...
«Daşkent» dynç alyş seýilgähi – mizemez türkmen-özbek dostlugynyň ýene bir aýdyň nyşany
Prezidentler Serdar Berdimuhamedowwe Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda gurlan «Daşkent» dynç alyş seýilgähiň açylyş dabarasy gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany seýilgähiň esasy girelgesiniň öňünde garşylady, bu täze seýilgäh mizemez türkmen-özbek dostlugynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat we Daşkent doganlaşan şäherlerdir. 2018-nji ýylyň aprel aýynda özbek paýtagtynda «Aşgabat» seýilgähiniň açylandygyny ýatlatýarys. Ol häzirki wagtda bu iri şähe...
Özbek Liderine Hormatly proffesor alymlyk ady dakyldy
Resmi saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine geldi, bu ýerde dostlukly ýurduň liderine bu ýokary okuw mekdebiň Hormatly professory alymlyk adyny dakmak dabarasy boldy. Uniwersitetiň baş binasynyň girelgesiniň öňündäki meýdançada belent mertebeli myhmany TDU-yň rektory B.Orazdurdyýewa hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşyrow garşyladylar. Prezident Şawkat Mirziýoýew eýwanda Türkmeni...
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýdy
2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna bardy. Bu ýerde belent mertebeli myhman milli gahrymanlaryň – edermen Watan goragçylarynyň hakydasyny ebedileşdiren «Baky Şöhrat» ýadygärligine gül goýdy. Özbek Lideri ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşen «Watan mukaddesligi» muzeýi bilen tanşyp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda, döwletlerimiziň halklaryny birleşdirýän taryhy gatnaşyklary, medeni we ruhy umumylygy häzirki döwürde strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny nygtaldy. Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Türkmenistan we Özbeg...
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan kuwwaty hem-de uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, onuň ileri tut...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI «MERKEZI AZIÝA- ÝAPONIÝA» GEPLEŞIKLERIŇ ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ ÝYGNAGYNA GATNAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Astana şäherinde ýapon tarapynyň başlangyjy bilen ýokary wezipeli şahslaryň «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gibrid görnüşindäki gepleşikleriň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygynda wekilýet gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň dekabrynda Tokio şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa +Ýaponiýa» gepleşikleriniň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisiniň gün tertibini, konsepsiýasyny...