RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Ýan

AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ WE HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE ÝAÝRADYLDY

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle-de bu maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed Al-Usaýminň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji...

DOWAMY
31 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys. 2021-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça sygyr ýyly. Sygyr «Malym — janym» diýýän türkmeniň gowy görýän mallarynyň biri, öý-ojagyň, maşgalanyň rysgaly. Şoňa görä-de, sygyr ýyly bereketli ýyl hasaplanýar. Merdana halkymyz Täze ýyla aýdyň maksatlar, uly y...

DOWAMY
31 Dek

DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP GEÇIRILEN DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERINE SOWGATLAR GOWŞURYLDY

2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Daşary işler ministrliginiň edarar binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we «Nesil» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçirilen «Baky Bitarap Türkmenistan – meniň Watanym» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen dabara Türkmeni...

DOWAMY
30 Dek

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldylar. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. Ol 2021-nji ýyly “Türk...

DOWAMY
30 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ýetip gelýän täze, 2021-nji ýyl bilen birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we özbek halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda we bilelikdäki işde uly üstünlikler arzuw etdiler. Iki ýurduň Liderleri ikitataplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz mahs...

DOWAMY
29 Dek

Döwlet Baştutanymyz diplomatik düzümiň duaýýeni bilen wideoduşuşyk geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen duşuşyk geçirdi. Onlaýn duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem gatnaşdy. Milli Liderimizrussiýaly diplomat bilen salamlaşyp, soňky ýyllarda Täze ýyly bilelikde – Türkmenistanda işleýän ähli diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçyla...

DOWAMY
28 Dek

Türkmen-russiýa parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda şu gün geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Federasiýa Geňeşiniň spikeri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de ähli türkmenistanlylara türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we y...

DOWAMY