SOŇKY HABARLAR
OWGANYSTANYŇ MILLI YSLAM HEREKETI PARTIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda owgan tarapynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostumyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň gün tertibi boýunça pikir alşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Owganystanyň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky ylalaşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ýag...
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, türkmen we özbek halklarynyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara hyzmatldaşlygynyň şu günki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmaga, şeýle hem halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdile...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNYŇ TÜRK DILINDÄKI TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk...
DIM-DE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy abraýly halkara guramasynyň wekiline Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmekdäki alyp baran işleri üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Köp ýyllaryň dowamynda ýetilen üstünlikleri we alnyp barylýan...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ÝURT BOÝUNÇA EDARASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistandaky işini tamamlap gelýän Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň Başlygy Paulina Karwowska bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda has-da işjeňleşdirilen Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler adamzadyň saglygyna howp salýan we...
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we M.Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibiniň çäklerinde birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn ugurlaryny aýratyn bellediler Taraplar sebitde durnuk...
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 119-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň we Owganystan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, suwuklandyrylan gazy we awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen ownuk däneli hlorly kaliý Russiýa Feder...