SOŇKY HABARLAR
ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZÜNIŇ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruben Harazýan bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary guramagyň wajyplygyny bellediler. Duşuşygyň barşynda Ermenistan Respublikas...
TÜRKMENISTANYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASYNDA ÝUNESKO-NYŇ «PARAHATÇYLYK ÝATLAMASY» MAKSATNAMASY BOÝUNÇA OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 13-14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk ýatlamasy» maksatnamasy boýunça okuw seminary geçirildi. Oňa ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň wekilleri, ýurdumyzyň muzeý işgärleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp-mugallymlary gatnaşdy. Seminard...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA MÜDIRLIGI BILEN BILELIKDÄKI IŞLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky giň gerimli strategiki hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp geçdiler. Bu ugurda türkmen tarapy BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi bilen alnyp barylýan...
SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda saud diplomaty Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşygyň başynda R.Meredow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärçilikli wezipä belenilmegi...
HALKARA SÖWDA MERKEZI TÄJIRÇILIK DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA ONLAÝN OKUW MASLAHATY GURNADY
2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda “Ready4Trade Merkezi Aziýa” atly taslamanyň çäklerinde Halkara söwda merkeziniň gurnamagynda, täjirçilik diplomatiýasy we söwda meseleleri bilen bagly gepleşikleri alyp barmak boýunça üç günlük okuw maslahaty başlandy. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri hem-de Halkara söwda merkeziniň wekilleri gatnaşdylar. “Ready4Trade Merkezi Aziýa” taslamasy serhetara talaplaryny...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ BERLIN ŞÄHERINDE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI WE HOWPSUZLYK BOÝUNÇA MASLAHATYNA GATNAŞMAGY
2022-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepow howanyň üýtgemegi we howpsuzlyk boýunça 4-nji Berlin maslahatyna gatnaşdy. Maslahatyň işine daşary işler ministrleri, dürli ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň döwlet sekretarlary, halkara we sebitleýin guramalarynyň wekilleri, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, şeýle hem daşky gurşawy goramak, suw gorlary we betbagtçylyklaryň töwekgel...
TÜRKMENISTAN AZIÝADA ÖZARA HYZMATDAŞLYK WE YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA GEŇEŞIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Nur-Soltan şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gazagystana sapary guraldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart...