SOŇKY HABARLAR
Gruzin alymlary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna onlaýn-umumy sapak okadylar
Ynsanperwer ulgamda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny giňeltmek we iki döwletiň ylym-bilim merkezleriniň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin onlaýn-umumy sapaklar tapgyryny gurady. 13-nji oktýabrda Gruziýanyň Söwda-senagat palatasynyň Baş direktory, «Täze ýüpek ýoly» taslamasynda Gruziýanyň Hökümetiniň wekili, Gruziýanyň DIM-niň Lewan Mikeladze adyndaky Diplomatik okuw we barlaglar institutyn...
MERKEZI AZIÝA SEBITINDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK MAKSATNAMASYNYŇ (CAREC) ÇÄKLERINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde ýokary wezipeli wekilleriň duşuşygy geçirildi. Çärä CAREC-e gatnaşyjy-ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Aziýa Ösüş Bankynyň ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, CAREC maksatnamasynyň milli utgaşdyryjysy M.Serdarow ýolbaşçylyk etdi....
Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bilen iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda arassaçylyk babatda abadançylygy saklamak, ýokanç keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmek we öňüni almak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyld...
Türkmenistan-Hindistan: dostlukly halklaryň bähbidine hyzmatdaşlyk
Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik bilen baglylykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri şu gün Mejlisde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Widh Pithambaran Nair bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň çäklerinde döwletara ga...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY - TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGIDIR»
Türkmenistan - bu Merkezi Aziýanyň bir döwletidir. Şu gün bu sebit halkara jemgyýetçiliginiň aýratyn ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde dünýäniň köp ýurdunyň geosyýasy we geoykdysady bähbitleri utgaşýandyr. Muňa göz ýetirmek bilen, Türkmenistan, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi we sebitiň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge gönükdirilen hereketlere işjeň gatnaşýar, bu bolsa ählumumy parahatçylyga we ösüşe ýetmekde aýratyn...
ÝB-MA-OWGANYSTAN FORMATYNDA GEÇIRILEN DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň derejesinde ÝB-MA-Owganystan formatyndaky mejlis göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Nobatdaky duşuşyga Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mirwaýis Nab, Gazagystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – M.Syzdykow, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň o...
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MERKEZI AZIÝA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda wideo aragatnaşyk arkaly Howanyň üýtgemegi boýunça üçünji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam eder. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet gulluklarynyň, ösüş boýunça halkara agentlikleriniň, maliýe institutlarynyň, ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de raýat guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Bu maslahatyň esasy mowzugy – deňeşdirilýän wagt araçäkleriniň dowamynda syn edilýän we howanyň tebigy durnuksyzlygy bilen bagly bol...