SOŇKY HABARLAR
Özbek Liderine Hormatly proffesor alymlyk ady dakyldy
Resmi saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine geldi, bu ýerde dostlukly ýurduň liderine bu ýokary okuw mekdebiň Hormatly professory alymlyk adyny dakmak dabarasy boldy. Uniwersitetiň baş binasynyň girelgesiniň öňündäki meýdançada belent mertebeli myhmany TDU-yň rektory B.Orazdurdyýewa hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşyrow garşyladylar. Prezident Şawkat Mirziýoýew eýwanda Türkmeni...
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýdy
2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna bardy. Bu ýerde belent mertebeli myhman milli gahrymanlaryň – edermen Watan goragçylarynyň hakydasyny ebedileşdiren «Baky Şöhrat» ýadygärligine gül goýdy. Özbek Lideri ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşen «Watan mukaddesligi» muzeýi bilen tanşyp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda, döwletlerimiziň halklaryny birleşdirýän taryhy gatnaşyklary, medeni we ruhy umumylygy häzirki döwürde strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny nygtaldy. Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Türkmenistan we Özbeg...
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan kuwwaty hem-de uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, onuň ileri tut...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI «MERKEZI AZIÝA- ÝAPONIÝA» GEPLEŞIKLERIŇ ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ ÝYGNAGYNA GATNAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Astana şäherinde ýapon tarapynyň başlangyjy bilen ýokary wezipeli şahslaryň «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gibrid görnüşindäki gepleşikleriň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygynda wekilýet gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň dekabrynda Tokio şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa +Ýaponiýa» gepleşikleriniň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisiniň gün tertibini, konsepsiýasyny...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TERRORÇYLYK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞMAGY
2022-nji ýylyň 17-19-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Duşanbe şäherine saparynyň çäklerinde “Serhet howpsuzlygy hem-de terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň hereketleriniň öňüni almak üçin serhet gözegçiligi ugurlaryndaky halkara we sebit hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Maslahatyň açylyş dabarasynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmonyň, BMG-niň Baş sekretary A....
MEETING OF THE CHAIRMEN OF THE TURKMEN-JAPAN AND JAPAN-TURKMEN COMMITTEES ON ECONOMIC COOPERATION
On October 18, 2022, the meeting of the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan, Chairman of the Turkmen-Japanese Committee for Economic Cooperation Rashid Meredov with the Chairman of the Japanese-Turkmen Committee for Economic Cooperation, Managing Executive Officer of “ITOCHU Corporation” Hiroyuki Tsubai was held via videoconference. During the meeting, the parties noted that contacts at the highest and high levels play an important role in the development of interstate relations. In t...