RSS

SOŇKY HABARLAR

30 Apr

KHSB ÜÇIN HABAR

2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.   Şunuň bilen baglykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda düýn geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda...

DOWAMY
30 Apr

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 30-njy aprelinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-ýapon komitetiniň işiniň çäklerinde wideo-konferensiýa arkaly gepleşikler geçirildi, oňa Komitetiň başlyklary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we «Itoçu Korporeýşn» kompaniýasynyň Dolandyryjy ýerine ýetiriji direktory, Ulaglar we enjamlar kompaniýasynyň Prezidenti Hiroýuki Subaý dagylar gatnaşdylar. Taraplar ýokary döwlet hem-de hökümet derejesinde alnyp barylýan Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky...

DOWAMY
29 Apr

Awtoulag ulgamynyň tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylyşy güýçlenýär

Ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kama awtomobil zawodynda öndürilýän «KamAZ 6520» ýük awtoulaglarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Şol tehnikalar «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişli kärhanalara paýlanyp berler we paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gurluşygy amala aşyrylýan iri desgalarda ulanylar. Ulag düzüminiň ösdürilmegi, awtomobil hem-de ulaglaryň beýleki görnüşleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň...

DOWAMY
29 Apr

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi

Şu gün Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu düzümi döretmek hakynda çözgüt 2019-njy ýylyň maýynda taraplaryň özara gyzyklanmasynyň esasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň 11-nji mejlisiniň barşynda kabul edildi. Geňeşiň birinji mejlisi geçen ýyl Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirildi. Şu gün wideoaragatna...

DOWAMY
29 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Iki goňşy döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde hemişe dostluk häsiýetine eýe bolan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hasan R...

DOWAMY
29 Apr

ÝDK BABATYNDA TÄZE STRATEGIÝANYŇ WE HEREKETLERIŇ MEÝILNAMASYNYŇ IŞLENILIP DÜZÜLMEGINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA WIDEOKONFERENSIÝA

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekilleri bilen Ýokanç däl keselleriniň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021-2030-njy ýyllary üçin täze strategiýanyň işlenilip düzülmeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça wideokonferensiýa geçirildi. Bu duşuşyk türkmen tarapynyň ýardam bermeginde BSG-nyň Türkmenistandaky  Ýurt boýunça edarasy tarapyndan guraldy. Onlaýn-duş...

DOWAMY
29 Apr

ÝADRO SYNAGLARYŇ HEMMETARAPLAÝYN GADAGAN EDILMEGI HAKYNDAKY ŞERTNAMA GURAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ TÜRKMEN TALYPLARY ÜÇIN LEKSIÝALARY

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary jenap Lassina Zerbonyň onlaýn-leksiýalary geçirildi. Diňleýjileriň arasynda ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instititutynyň talyplary bardyr. Jenap Lassina Zerbonyň wideo-leksiýalary indiki te...

DOWAMY