RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Ýan

«MALAÝ» GAZ KÄNINDÄKI GAZ GYSYJY DESGASYNYŇ IŞE GIRIZILMEGI – TÜRKMENISTANYŇ GAZ PUDAGYNYŇ EKSPORT MÜMKINÇILIKLERI GIŇELDILÝÄR

2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşen «Malaý» gaz känindäki gaz gysyjy desgasyny işe girizmek dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümetiniň agzalary, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) Türkmenistandaky wekilleri gatnaşdylar. Bu desganyň işe girizilmeg...

DOWAMY
pic
14 Ýan

BÜTINDÜNÝÄ BANKY BILEN SAGLYGY GORAÝYŞ PUDAGYNDAKY TASLAMANY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK BERKIDILÝÄR

2021-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan 14-nji ýanwary aralygynda Bütindünýä bankynyň Taslamalaýyn toparynyň ýolbaşçysy Susanna Aýrapetýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen onlaýn duşuşyk geçirildi.  Gepleşiklerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri wekilçilik etdiler. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda...

DOWAMY
pic
14 Ýan

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, şu gün türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň - Akina-Andhoý beketleriň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki-Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiri...

DOWAMY
pic
14 Ýan

TÜRKMENISTANDAN OWGANYSTANA ÇENLI HALKARA OPTIKI SÜÝÜMLI ARAGATNAŞYK ULGAMYNY IŞE GOÝBERMEK – DÜNÝÄNIŇ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDAKY MAGLUMAT KÖPRÜSINIŇ DÖREDILMEGI UGRUNDA

Şu gün, Kerki – Şibergan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi we Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň açylyş dabarasynyň dowamynda Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan Yslam Respublikasy) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we  üstaşyr akymlary işe goýbermek dabarasy hem geçirildi. Türkmenistanyň we Owganystanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynd...

DOWAMY
pic
14 Ýan

KERKI (TÜRKMENISTAN) – ŞIBERGAN (OWGANYSTAN) UGRY BOÝUNÇA ELEKTRIK GEÇIRIJI ULGAMY DABARALY ÝAGDAÝDA IŞE GIRIZILDI

Şu gün, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Kerki (Türkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Bu elektrik geçiriji ulgamynyň işe girizilmeginden öň Türkmenistanyň Energetika ministri Çarymyrat Pürçekow hem-de Owganystanyň suw we energetika meseleleriniň sazlaşdyrylmagy boýunça müdirliginiň Baş direktory Han Mohammad Takal dagylar çykyş etdiler. Ol...

DOWAMY
pic
14 Ýan

“AKINA-ANDHOÝ” DEMIR ÝOL LINIÝASY IŞE GIRIZILDI

2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň döwlet baştutanlary, hökümet agzalary, iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.     «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow we Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň ý...

DOWAMY
pic
14 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERI BILELIKDÄKI INFRASTRUKTURA DESGALARYNYŇ AÇYLYŞ DABARALARYNA GATNAŞDYLAR

Şu gün, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Akina – Andhoý beketleriniň aralygyndaky demir ýolunyň, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr akymlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibergan şäherine çenli elektrik geçrijisiniň işe girizilmegi mynasybetli dabaralary geç...

DOWAMY