SOŇKY HABARLAR
СООБЩЕНИЕ ДЛЯ СМИ
За последние дни со стороны ряда российских средств массовой информации распространяются непроверенные и откровенно необъективные сообщения относительно ситуации на туркмено-афганской границе. В частности, телеканалом РБК распространена не соответствующая действительности информация о якобы стягивании военной техники и артиллерии Туркменистана к границе с Афганистаном, что означает ничего, кроме лживой информации в погоне за дешевой сенсацией. Министерство иностранных дел Туркменистана в...
TÜRKMENISTAN WE GYRGYZYSTAN IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY IŞJEŇ ÖSDÜRÝÄR
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň adyndan hat gelip gowuşdy. Hatda Gyrgyzystanyň Baştutanynyň golaýda Aşgabada bolan resmi saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Şunlukda hatda şeýle diýilýär: «Saparyň çäklerinde guralan çäreleriň, hususan-da, Siziň bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeli hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçmegi gyrgyz-türkmen doganlyk gatnaşyklaryny...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI KUWEÝT DÖWLETINIŇ PREMÝER-MINISTRINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabaha Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki (oturýan ýeri Abu-Dabi ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Köşgünde geçirildi. Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministrine Türkmenistanyň Prezi...
TÜRKMENISTANYŇ WE MAROKKO PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY DEREJESINDE SYÝASY MASLAHATLAŞMALAR GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-marokkan syýasy maslahatlaşmalar geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, marokkan tarapyna bolsa Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan marokkolylaryň işleri boýunça ministri Nasser Buritan ýolbaşçylyk etdi. Maslahatlaşmanyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mes...
TURKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSDÜRILMEGI ILERI TUTULÝAR
Şu gün, 8-nji iýulda türkmen paýtagtynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar komitetiniň başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy...
MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERI BMG BILEN HYZMATDAŞLYKDA OWGANYSTANA GOLDAW BERMEGI DOWAM ETDIRER
Şu gün, 7-nji iýulda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Owganystan meseleleri boýunça ministrleriň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen bilelikde gepleşigiň guramaçysy hökmünde çykyş etdi. Mejlise Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täj...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Berdimyrat Rejepow Warşawa şäheriniň “Belweder” köşgünde Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Türkmenistanyň Polşa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Berlin şäheri) hökmünde özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Polşa Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýo...