RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Noý

TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN SERHETÝAKA SUW SERIŞDELERINIŇ NETIJELI ULANYLMAGY ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRÝÄRLER

Şu gün, 2020-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň binasynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky suw-hojalyk meseleleri boýunça Utgaşdyryjy toparyň dördünji mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçdirildi.   Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde owgan wekiliýetine Owganystanyň Suw...

DOWAMY
pic
20 Noý

Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi hem-de ýaşaýyş toplumyny açdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganly şäherçesinde bina edilen täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu ýerde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze şäher zolagyny döretmek işleri dowam edýär. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, halk hojalygy toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyza giň möçberli şähergurluşyk...

DOWAMY
pic
19 Noý

TÜRKMENISTAN BILEN HALKARA PUL GAZNASYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow bilen Natalia Tamirisanyň ýolbaşçylygynda Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Wideo maslahatyň dowamynda ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmeklige gönükdirilen, ikitaraplaýyn bähbitli, geljegi uly bolan taslamalar...

DOWAMY
pic
19 Noý

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy. Mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine seredildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol maliýe hasabatlyly...

DOWAMY
pic
19 Noý

HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ PUDAK EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE BMG-NIŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň ministrlikleriniň, Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goranyşy merkezi gulluklarynyň hem-de BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 2021-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny tassyklamak üçin bilelikdäki duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we 2021-nji ýylda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak, şol sanda gol çekilen bilelikdäki hereketleriň meýi...

DOWAMY
pic
19 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ ÝAPON DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY

2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Täze neşir Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýapon dilini çuňňur öwrenýän jemgyýetçilik üçin özboluşly sowgat boldy. Tanyşdyryş dabarasyna ýurduň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, Aşgabatda ýerleşen ýokary okuw...

DOWAMY
pic
19 Noý

NOBATDAKY “MERKEZI AZIÝA - KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNA TAÝÝARLYK DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyş Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýakyn günlerde geçiriljek 13-nji “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumyna taýýarlyk görmek boýunça onlaýn duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle-de mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdylar.  Duşuşygyň barşynda nobatdaky Forumyň gün tertibi, şol sanda tematik sessiýalaryň mazmuny barada pikir alşyldy.  T...

DOWAMY