RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Noý

BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

Şu gün, 10-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Wena şäherindäki Bölüminiň Baş direktory hanym Geda Fathi Wali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary d...

DOWAMY
pic
9 Noý

Türkmenistan – Hindistan: köpçülikleýin maglumatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) hem-de Hindistanyň iri Asian News International (ANI) habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak hakynda Ähtnama gol çekildi. Wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen gepleşikleriň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň maglumatlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy hem-de ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyn...

DOWAMY
pic
7 Noý

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksyny, awiakerosinini, dizel ýangyjyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen R...

DOWAMY
pic
7 Noý

2020-NJI ÝYLDA TÜRKMENISTANDA ÝURDUŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI 25 MILLION AGAÇ NAHALLARY EKILER

2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ähli ýerinde saýaly we miweli agaç nahallarynyň, şeýle hem üzümiň 25 million sanysy ekiler. Bu san ýurduň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny şöhlelendirýändir. Agaç nahallarynyň bir bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 7-nji noýabrda geçirilen ählihalk bag ekiş çäresiniň barşynda ekildi. Oňa şeýle-de ýurduň Hökümetiniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de köp...

DOWAMY
pic
6 Noý

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideorolikler Mazari-Şerif şäherinde ýaýbaňlandyrylýar

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli görnüşli halkara çäreler yzygider geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem, 2020-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap, Owganystan Yslam Respublikasynyň Balh welaýatynyň Mazari-Şerif şäheriniň merkezinde ýerleşýän “Burj Ghazanfar” işewürlik merkeziniň daşky diwaryndaky uly monitorda Türkmenistanyň baky Bitaraplygyny hem-de ählumumy ösüşlerini...

DOWAMY
pic
6 Noý

Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Konsullygy sport we baýramçylyk çärelerini gurnady

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Konsullygy tarapyndan sportuň bilýard we tennis görnüşleri boýunça sport çäreleri gurnaldy. Çärä Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Mazari-Şerip şäherindäki diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň başynda...

DOWAMY
pic
6 Noý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şypahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman “Bagabat” şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şypahana toplumy bilen bir hatarda ,oňa barýan döwrebap ýoluň gurlup, ulanylmaga berilmegi we onuň ugrunda belent başly “Saglyk” binasynyň oturdylmagy mynasybetli guralan dabaralar eziz Diýarymyzyň her bir gününiň belent sepg...

DOWAMY