SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 109-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Singapurdan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, yşyk kerosinini, ýangyç mazudyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa, ABŞ, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan döwletleriniň wekillerine daşary ýu...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň täzelenen düzüminde mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň düzümi tassyklandy. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, birnäçe minist...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI PORTUGALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE ÖZÜNIŇ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Jumaýewiň Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselu Rebelu de Souza özüniň ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Portugaliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle hem Marselu Rebelu de Souza iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde...
Çeboksaryda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabara geçirildi
I.N. Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetinde (Russiýa Federasiýasynyň Çeboksary şäheri) Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi. Türkmen talyplarynyň we «Çuwaşystan Respublikasyndaky türkmen jemgyýeti» milli-medeni birleşiginiň agzalarynyň gatnaşmagyndaky konsert ÇDU-nyň halkara bölüminiň ýardam bermeginde guraldy. Çuwaşystan Respublikasynda okaýan talyplary olaryň deň-duşlary –indoneziýaly, hindistanly, eýranly talyplar gutlamaga geldiler. Baýram...
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we BMG-nyň 75 ýyllygyna bagyşlanan webinar gurady
Ýurdumyzyň Gruziýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we BMG-nyň 75 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn-maslahat geçirdi. Çärä Gruziýanyň DIM-niň, diplomatik wekilhanalaryň, Gruziýanyň tehniki uniwersitetiniň, Grigol Robakidze adyndaky uniwersitetiniň, şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Webinara gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Myradow, BMG-nyň Gruziýadaky hemişelik utgaşdyryjysy doktor Sabine Mahl, Gruziýanyň Gyzyl Haç Jem...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda telekeçiligiň ornuny artdyrmak boýunça...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY BILEN TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTYNYŇ ARASYNDA IŞ MEÝILNAMASYNA GOL ÇEKMEK DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek boýunça taslamanyň Iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmen tarapyndan resminama Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagm...