SOŇKY HABARLAR
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Şu gün Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrlgiiniň, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkm...
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan...
2021-nji ýylyň şygary dabaralandyrylýar
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylyna ynamly gadam goýdy. Şu ýylyň dowamynda geçirilýän çäreleriň hemmesiniň şanly sene mynasybetli guralýandygy aýratyn guwançlydyr. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryn...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda gedeşikleriň 27-si baglaşyldy. Gonkongdan, Owganystandan, Özbegistandan gelen işewürler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem ulag benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna nah-ýüplük, buýan köki ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, ABŞ, Hytaý, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 4...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTANYŇ ÝOLBAŞÇY DÜZÜMI BILEN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşygy boldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça özara hereketleriň ýokary depginini tassykladylar. Döwletara syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeliligi hem-de yzygiderli ösdürilýändigi bellenilip geçildi....
KABULDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DEREJESINDE TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Kabul şäherinde Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hanif Atmar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça taraplaryň nukdaýnazarlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Owganystanyň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belläp geçdiler, çünki bu öz n...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meý...