SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda gedeşikleriň 27-si baglaşyldy. Gonkongdan, Owganystandan, Özbegistandan gelen işewürler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem ulag benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna nah-ýüplük, buýan köki ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, ABŞ, Hytaý, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 4...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTANYŇ ÝOLBAŞÇY DÜZÜMI BILEN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşygy boldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça özara hereketleriň ýokary depginini tassykladylar. Döwletara syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeliligi hem-de yzygiderli ösdürilýändigi bellenilip geçildi....
KABULDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DEREJESINDE TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Kabul şäherinde Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hanif Atmar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça taraplaryň nukdaýnazarlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Owganystanyň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belläp geçdiler, çünki bu öz n...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meý...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILLERI ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherine iş sapary bilen gitdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti owgan Hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen işjeň gepleşikleriň birnäçesini geçirdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary i...
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASYNYŇ KABUL EDILMEGINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd brifing geçirdi. Brifingiň esasy temasy, geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat jemleýji resminamasy boldy. Mälim bolşy...
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuli kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyzy we ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan eden Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Koreýa...