SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýolbaşçy komitetiň mejlisi geçirildi
2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýolbaşçy komitetiniň birinji mejlisi geçirildi. Mejlise Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle hem, 30-dan gowrak ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň işine BMG-niň Türkm...
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmaly kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady we Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň mähirli salamyny hem-de doganlyk türkmen halkyna aba...
TÜRKMENISTAN BILEN ABŞ-NYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER BAŞLANDY
Şu gün, 2020-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda üç günlük syýasy geňeşmeler göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly başlandy. Gün tertibi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan, hususan-da howpsuzlyk meselelerinden, söwda-ykdysady gatnaşyklaryndan we ynsanperwer hyzmatdaşlygyndan ybarat. Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow türkmen-amerikan gatnaşyklaryny suratlandyrdy hem-de...
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň paýtagtymy we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy....
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda duşuşyk geçirildi. Oňa daşary sýyasy edarasynyň ýolbaşçylary we ygtyýarly işgärleri, ilçiler – Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky missiýalaryň hem-de konsullyk edaralarynyň baştutanlary gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň diplomatik korpus...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 126-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Panamadan, Maltadan, Özbegistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, garnuwly parafini, uçar we yşyklandyryş kerosinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, Russiýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri polietileni we su...
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan serginiň ýapylyş dabarasy boldy
2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda baky Bitaraplygymyzyň 25-ýyllygyna bagyşlanan serginiň ýapylyş dabarasy boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň ählisiniň çykyş etmeginde geçirilen dabara degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Şu ýylyň 1-nji dekabrynda işe başlan bu serginiň çäklerinde jemi 130-dan gowrak halkara resminamalara we şertnamalara gol çekildi. O...