SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 77-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen dürli görnüşli polietilen we polipropilen önümleri hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamid dö...
Nakgaş Rahman Rahmanow – Atajan Taganyň «Keseki» romanynyň fransuz neşiriniň sahabynyň awtory
Biz Atajan Taganyň «Keseki» romanynyň fransuz dilinde neşir edilmäge taýýarlanýandygyny we onuň sahabynyň dizaýnyny saýlamak üçin türkmen nakgaşlarynyň arasynda bäsleşik yglan edilendigini ozal habar beripdik. Onda Rahman Rahmanowyň işi ýeňiji diýlip yglan edildi. Rahman žiwopis muşdaklarynyň arasynda tanalýan nakgaş. Ol Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň grafika sungaty fakultetiniň kitap bezegi bölümini tamamlady, häzir öz hünär edinen ýokary okuw mekdebinde sapak berýär, kitaplary be...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine gutlag hatyny iberdi. Onda 29-njy iýunda bolan telefon arkaly söhbetdeşligi we onuň dowamynda Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek boýunça umumyrussiýa ses bermegi üstünlikli geçirmegi arzuw edendigi mähir bilen ýatlanylýar. «Ses bermegiň dowamynda Russiýanyň halky öz saýlap alan ýoluny kesgitledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlamak isleýärin. Ses bermegiň n...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Mejlisiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary çagyryldy. Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda gazanan netijeleriniň jemi jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de ý...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY BIRNÄÇE MESELÄNI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar iki döwletiň baştutanlarynyň hem-de daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gepleşikleriň ähmiýetini bellediler. Jenap Atmar pandemiýa ýagdaýlary döwründe Owganystana iberilen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň adyna hoşallyk sözlerini beýan...
Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň üç taraplaýyn duşuşygy
Şu gün Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. «Lapis Lazuli» halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy. Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy bähbitler üçin özara bähbitli...
TÜRKMENISTAN BILEN RF-NYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ ARASYNDAKY EKSPORT-IMPORT MÜMKINÇILIKLERI BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň «Astrahan söwda-senagat palatasy» birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn eksport-import dolanşygynyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrah...