SOŇKY HABARLAR
Medeniýet hepdeligi — 2020: üçünji gün
Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligine gabatlanyp geçirilýän çäreler dowam edýär. Neşirýat önümleriniň sergisiniň açylmagy, degişli ylmy-maslahat, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsert hepdeligiň üçünji gününiň esasy wakalary boldy. Welaýat kitaphanasynyň binasynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň...
Galla oragynyň ýokary depginleri
Türkmenistanyň gallaçylarynyň gyzgalaňly möwsümi dowam edýär. Ýurdumyzda galla oragynyň depginleri gün-günden güýçlenýär. 24-nji iýunda birbada ýedi etrap döwlete galla tabşyrmak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdiler. Galla oragynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary öňdäkileriň hatarynda barýarlar. Meşhur türkmen bugdaýynyň taryhy watanynda şu möwsümde 69 müň tonnadan gowrak galla öndürildi....
Туркменские военнослужащие приняли участие в параде Победы в Москве
Сегодня на Красной площади в Москве состоялся военный парад в честь 75-й годовщины Победы в Великой Отечественной войне. Парад Победы должен был состояться 9 Мая, но был отложен из-за пандемии коронавируса. Дата - 24 июня - выбрана неслучайно: именно в этот день 75 лет назад в Москве состоялся легендарный Парад Победителей, которым командовал маршал Константин Рокоссовский, а принимал – маршал Георгий Жуков. … «Внимание, говорит и показывает Москва, слушайте и смотрите Красную площадь. В озна...
Hormatly Prezidentimiz medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeler ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary B.Abdyýewanyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary K.Çaryýardurdyýewiň, ýurdumyzyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýewiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewanyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesine...
Minsk şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli wideo aragatnaşygy arkaly maslahat çäresi geçirildi
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Belarus Respublikasynyň Witebsk oblastynyň P.M.Maşerow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň arasynda bu ýokary okuw jaýynda bilim alýan daşary ýurtly we türkmen talyplarynyň gatnaşmaklarynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat çäresi geçirildi. Bu maslahata agzalan uniwersitetiň ýolbaşçylary, professor mugallymlar düzümi, daşary ýurtly we türkmen talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Ilçihana...
“Hazar deňizinde goňşuçylyk hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň oňyn orny” atly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly tegelek stol geçirildi
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň çarçuwasynda Astrahan oblastynyň we Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň rektorlarynyň hem-de professor mugallymlarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Hazar deňizinde goňşuçylyk hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň oňyn orny” atly tegelek stol görnüşinde halkara wideokonferensiýa geçirildi. Tegelek stolyň maksady - Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen giň möçberli işler, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp masl...