SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kanadanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Kristofer Dagganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Hususan-da, yzygiderli syýasy-diplomatik dialogyň möhümdigi hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň ç...
KHBS üçin maglumat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža dynç-alyş merkezinde bolup geçen, köp sanly adam pidalarynyň we şikesleriň döremegine getiren pajygaly ýangyn zerarly Şweýsariýa tarapyna gynanç bildirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 30-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abad...
KHBS üçin maglumat
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjüm baradaky habarlar bilen baglylykda, türkmen tarapy halkara howpsuzlygyna we durnuklylygyna howp salýan şeýle hereketler babatynda, aýratyn-da, gapma-garşylyklary gepleşikler arkaly kadalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan tagallalaryň şertlerinde aladalanma bildirýär we olary ýazgarýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesine eýe döwlet hökmünde Türkmenistan halkara meseleleriniň islendi...
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji 29-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Pre...
Aşgabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly jemgyýetçilik-syýasy çäresi geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlar, ýaşlar gatnaşdylar. Dabaradan öň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-saz...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary barada
2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy. Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýeri bolan Döwlet “Ermitaž” muzeýine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini Russiýa Federasiýasynyň Pre...